Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy dostlukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim-ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergiler yzygiderli guralýar. 1994-nji ýylda Aşgabat bilen Ankara şäherleriniň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşygy ýola goýuldy. Aşgabadyň doganlagan şäheri Ankara barada gyzykly maglumatlary bilmek okyjylarymyz üçin hem gyzykly bolsa gerek.
Ankara