HABARLAR

Mukamlar köşgünde geçirilen konsert

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdylar. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet horunyň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň operalaryndan dünýä belli aýdymlardyr romanslar ýaňlandy.

Magtymguly, adyň dillerde sena

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar, dabaralar, şahyryň eserleriniň terjimeleriniň tanyşdyryşlary ýaly çäreler yzygiderli geçirilýär. 22 — 26-njy noýabrda Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäreleriň biri guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we dolandyryş uniwersiteti, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy — Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde» atly halkara maslahata gatnaşdy.

Şahyryň şygyrlary — ajaýyp aýdymlar

Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdym döretmek däbi sungat ussatlarymyz tarapyndan bu günki günde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ozal şahyryň sözlerine bagşy-sazandalarymyz, mukamçy kompozitorlardan Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow «Ýusup owgan» türkmen halk sazyna «Bu gün», Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Akmyrat Çaryýew «Içmeýen jamym», Türkmenistanyň halk artisti Nurýagdy Baýramow «Aýryldym», «Türkmeniň» ýaly birnäçe aýdymlary döretdiler. Şol aýdymlaryň halkyň hakydasynda ebedilik orun tutandygyny bellemek gerek. Akyldar şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar dürli temalara bagyşlanandyr. Şahyryň «Bu gün» goşgusy halypa bagşy Sahy Jepbarowyň kalbyndan joşup çykan mukam bilen özara sazlaşyp, ajaýyp aýdyma öwrülipdir. Täsin ýeri: awtoryň özüniň ýerine ýetirmegi, onda-da her aýdanda bir üýtgeşme girizmegi bilen aýdym täzeçe ýaňlanýar. Biziň halypa bagşylarymyz öz şägirtlerine-de Sahy halypanyň hut öz ýerine ýetirmeginde ýazylan ýazgylary diňläp, bu aýdymy şol durkunda ýerine ýetirmegi öwredýärler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy «Gujurly ýaşlar —2024» atly sergisine çagyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe sungat ojagymyz hasaplanylýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda dekabr aýynyň 2-ne «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň «Gujurly ýaşlary – 2024» atly uçurymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisi öz işine başlar. Serginiň esasy düzüminde şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, dizaýn, binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli bolan halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika önümleri görkeziler. «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyplary we mugallymlary şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri bilen bagly kitapçalary, albomlary,  çeper bezelen senenamalary bilen gatnaşarlar. Talyplar bu sergide özleriniň döredijilikde alan bilimlerini döreden eserlerine siňdirip, zehinlerini, ukyp başarnyklaryny we gujurlaryny görkezerler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek «Gujurly ýaşlar – 2024» atly uçurymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisi her bir ynsanyň göwnünden turjakdygyna ynanýarys.

Türkmen sazlary dünýäde ýaňlanýar

Niderlandlar Patyşalygynyň «Belinfante Quartet» kirişli saz gurallar topary Ýer togalagynyň daşyny gurşaýan 40-njy parallelde ýerleşýän ýurtlaryň kompozitorlarynyň sazlaryny çalyp, ýazgy etmek kararyna gelipdir. Bu parallele Türkmenistan hem degişli bolup, sazandalar internet arkaly türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen tanşypdyrlar. Şunlukda, olar Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmine «Küştdepdiniň» heňinde ýazan «Gyzlaryň aýdymyny» we Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Ýylgaýlar» halk sazynyň esasynda kirişli saz gurallar orkestri üçin döreden adybir konsertinasyny saýlap alypdyrlar. «Belinfante Quartet» topary bu sazlary kirişli saz gurallar kwarteti üçin işläp, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesindäki çykyşlarynda ýerine ýetirýär. Sungaty söýüjileriň köpüsi Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijiligi bilen tanyşdyr. Halypa entek ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilmänkä, şirin labyzly aýdymlary bilen meşhurlyk gazandy. Biz çagakak onuň «Çalsana, bagşy!», «Gözleriň», «Zenan göründi», «Goňşy gyz», «Gel, obamyň lälesi!», «Ak, derýam!», «Derýa» ýaly aýdymlaryny ürç edip aýdardyk. Olar milliligi bilen, eýýäm dörän gününden dilden-dile geçip, halk aýdymlaryna öwrülip gitdi.

Kinodaky «Kitap»

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kitap» atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi boldy. Hekim Alowowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen bu filmiň edebi esasy merhum, belli artist Ata Alowow bilen ýaş aktýor, režissýor Rahymberdi Annagulyýewiňki. Filmi kompozitor Röwşen Nepesow saz bilen bezedi. Ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň beýik akyldaryň belent paýhasyna bagyşlap ýazan «Kitap» hekaýasynyň esasynda döredilen filmde Muhammetmyrat Ataýew baş gahryman Welmyrat aganyň, Çary Ýakubow Ozan bagşynyň, Annageldi Orazgeldiýew Ýazyrhan piriň, Süleýman Eminow alymyň keşbini janlandyrypdyrlar.

Halypa bilen duşuşyk

23-nji noýabrda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypa heýkeltaraş paýtagtymyzda we dostlukly ýurtlarda oturdylan türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini ýasamagyň öz paýyna düşendigini uly buýsanç bilen belledi. Ol taryhy şahsyýetler Oguz hanyň, Görogly begiň, halypa kinorežissýor Alty Garlyýewiň, belli nakgaş Yzzat Gylyjowyň, nusgalyk ýol goýan bagşy Sahy Jepbarowyň, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň, zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň heýkellerini taýýarlamakda alyp baran döredijilik gözlegleri, 40 ýyldan gowrak wagt bäri şägirtleri ýetişdirmekde alyp barýan işleri barada talyplara täsirli gürrüň berdi. Duşuşykda ussat heýkeltaraş ýaşlar bilen sowal-jogap alyşdy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, talyp ýaşlara geljekde yhlasly zähmete, kämillige gol berip, halypalaryň asylly ýol-ýörelgelerine eýermegi arzuw etdi.

Dostlaryň saz söhbetleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dost-doganlyk medeni gatnaşyklarymyz barha giň gerime eýe bolýar. 18-27-nji noýabr aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi-de muny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ýewropa Bileleşiginiň Diýarymyzdaky wekilhanasy, Germaniýanyň ilçihanasy bilen bilelikde taýýarlan medeni çäreleriniň çäklerinde 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň çykyşy boldy. Nemes sazlaryndan boglan çemeni ildeşlerimize sowgat eden «Klinke» toparynyň agzalary Annegret Klenke, Beate Hartmann, Iwonn Ulemann hem-de Rut Kaltenhoýzer öz çalýan kirişli saz gurallarynyň ussady hökmünde dünýäde ykrar edilendirler. Şonuň ýaly-da datly sesi bilen dünýä diňleýjileriniň söýgüsini gazanan opera aýdymçysy Narine Ýegiýanyň aýdymlary-da güýzüň ahyrky günleriniň bezegine öwrüldi.

Ýatdan çykmajak «Pursat»

Söhbetdeş bolýanyň dünýäsine belet bolanyňda azaşaňok. Onda-da külli adamzada düşnükli bolan, dilmaç talap etmeýän sungatdan habarly bolanyňda. Biziň söhbetdeşimiz hem ykbalyny sungata baglan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň oýun goýujy režissýory Mekan Jumabaýew. Sungatyň ybadathanasy hasaplanylýan teatr. Tüýs «Teatr geýim asylýandan başlanýar» diýleni. Gürrüňimiz hem şol ýerde başlandy.

Guýmagursak zehin

Suratda: Nurýagdy Tokgaýew ogly Döwran bilen. Guýmagursak zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýew barada oýlanyp oturyşyma Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň şu setirleri serime doldy: