Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdym döretmek däbi sungat ussatlarymyz tarapyndan bu günki günde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ozal şahyryň sözlerine bagşy-sazandalarymyz, mukamçy kompozitorlardan Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow «Ýusup owgan» türkmen halk sazyna «Bu gün», Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Akmyrat Çaryýew «Içmeýen jamym», Türkmenistanyň halk artisti Nurýagdy Baýramow «Aýryldym», «Türkmeniň» ýaly birnäçe aýdymlary döretdiler. Şol aýdymlaryň halkyň hakydasynda ebedilik orun tutandygyny bellemek gerek.
Akyldar şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar dürli temalara bagyşlanandyr. Şahyryň «Bu gün» goşgusy halypa bagşy Sahy Jepbarowyň kalbyndan joşup çykan mukam bilen özara sazlaşyp, ajaýyp aýdyma öwrülipdir. Täsin ýeri: awtoryň özüniň ýerine ýetirmegi, onda-da her aýdanda bir üýtgeşme girizmegi bilen aýdym täzeçe ýaňlanýar. Biziň halypa bagşylarymyz öz şägirtlerine-de Sahy halypanyň hut öz ýerine ýetirmeginde ýazylan ýazgylary diňläp, bu aýdymy şol durkunda ýerine ýetirmegi öwredýärler.