Şahyryň pähim-paýhasy — durmuş ýörelgämiz

27 Noýabr 2024
190

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw-umytlary bu gün doly hasyl boldy. Bize çeper söz ussadynyň ýürek arzuwlarynyň wysalyna gowşan bagtyýar döwründe, parahat, asuda, berkarar döwletinde ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi. Hut şuňa laýyklykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy has uludan, dabaraly bellenilip, şahyryň döredijiligini öwrenmek ugrunda düýpli gözlegler, ylmy işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýar. Çeper söz ussadynyň watançylyk, hoşniýetlilik, zähmetsöýerlik, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan dürdäne setirleri many-mazmun taýdan örän çuň hem güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Hut şuňa görä, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýüzlenilýän mowzuklar diňe bir türkmen halkyna degişli bolman, eýsem, dünýä halklaryna, umumadamzat meselelerine degişlidir.

Oguljahan HALLYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.