HABARLAR

Aýdym bilen adyganlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa» atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatyny döwrebap derejede öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz kitaplarynda bu sungatyň halypa-şägirtlik ýoluny hem inçelik bilen yzarlaýar we onuň ähmiýetini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz müň keren mamla. Halypa-şägirtlik ýoly arkaly türkmen aýdym-sazlary halypadan şägirde, atadan ogla, asyrdan asyra geçip gelipdir. Mary welaýatynyň Pendi topragynda ýaşan Akmyrat bagşy, Akmyrat bagşynyň ogullary Gurban, Amansähet öz döwrüniň ussat bagşy-sazandalarydyr. Doganlar Gurban bilen Amansähediň aýdym-saza ezberligi olaryň meşhurlyk örüsini giňeldipdir. Şonuň üçin doganlar Pendi ýaýlasyndan Mary welaýatynyň ähli çäginde tanalyp ugrapdyrlar. Soň-soňlar Ahal sebitlerinde, Balkanda, Daşoguzdyr Lebapda tanalypdyr.

Ýaş zehiniň döredijilik dünýäsi

Çagalar, hormatly Prezidentimiz siziň gowy okap, bilim almagyňyz, şeýle hem okuwdan daşary ukyp-başarnyklaryňyzy artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy ýaly döredijilik bäsleşikleri ýylyň-ýylyna geçirilýär. Hemme welaýatlaryň etrap merkezlerinde, obalarda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri hereket edýär. Olara çagalar mekdepden daşary öz zehinlerini artdyrmak üçin, uly höwes bilen gatnaýarlar. Ýaşlykdan döredijilik, sungat dünýäsine aralaşyp, öz ýoluny tapýan zehinli ýaşlary göreniňde buýsanjyň artýar. Ine, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mekan Ataýew hem zehinli ýaşlaryň biri. Täze ýylyň başlanmagy Mekana üstünlik getirdi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek joşgunyny şeýle beýan etdi: — Maşgalamyz aýdym-saz bilen meşgullanýar. Kiçiligimden kakamyň aýdýan aýdymlaryny diňläp, aý

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça söweşjeň, gumanitar taýýarlykda we harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan harby bölümlere göçme nyşan, Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şol dabaranyň dowamynda podpolkownik Geldimyrat Mämmedowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň şahsy düzümi hem sylaglandy. Şol mynasybetli harby bölümde dabara geçirilip, onuň dowamynda harby bölümiň 2020-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça söweşjeň, gumanitar hem-de harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan batalýon we rota sylaglanyldy. Ýagny batalýonlaryň arasynda kapitan Meýlis Çaryýewiň serkerdelik edýän batalýony, rotalaryň arasynda bolsa, uly leýtenant Ýagmyr Çaryýewiň serkerdelik edýän rotasy 1-nji orna mynasyp bolup, göçme nyşan, Hormat haty we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Sylaglaryňyz gutly bolsun, merdana harby gullukçylar!

Ýetilen sepgitler täze maksatlara badalga

Berkarar Watanymyz täze ösüşleriň, özgerişleriň taryhy ýoluna ugur alyp, belent sepgitleri nazarlaýar. Geçen 2020-nji ýyl hem uly ösüşleriň, özgerişleriň, belent sepgitlere ýetilen buýsançly ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her ýylda harby we söweşjeň taýýarlygy dürli ugurlar boýunça ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşikleri yglan etmegi merdana harby gullukçylarymyzyň Watan goragyna ygrarlydyklaryny aýdyň subut edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemleri we şeýle bäsleşikleriň netijeleri hasaba alnyp, maýor Hoşgeldi Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş dolandyryş bölüminiň Inžener goşunlary müdirliginiň harby bölümleriniň arasynda «Iň gowy harby bölüm» adyna eýe bolmagy merdana Watan goragçylarymyzda uly buýsanç duýgusyny döredip, täze okuw ýylyna batly depginler bilen başlamaga höwes döretdi. Harby bölümde turuwbaşdan belent maksat goýlup, şol maksada ýetmek üçin işler batly depginler bilen ýola goýuldy. Gumanitar we söweşjeň taýýarlygy boýunça okuw sapaklary ýokary guramaçylykly guraldy. Ýaş Watan goragçylary bilen terbiýeçiler, psihologlar tarapyndan yzygiderli işler geçirilip, beden taýdan berk, sagdyn h

Biz — bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleri täze-täze üstünliklere höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär, zehini bilen tapawutlananlar ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem şeýle arzyly sylaglaryň biridir. Ýakynda çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabaralary bolup geçdi. Welaýatymyzdan hem birnäçe zehinli çaga bu sylaga eýe boldular. Biz olaryň ýürek buýsançlaryny siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Milli nagyşlaryň teşnesi

Aýgözel bilen tanyşlygym onuň egnindäki nepis nagyşly keteni köýnegine nazarym düşen pursadyndan başlady diýsem hem bolýar. Onuň ýanyna baranymy özüm bilmän galypdyryn. Sebäbi gözüň ýagyny iýip barýan keteni meni jadylapdy. Onuň döwrebap biçüwde tikilmegi bolsa, çeper elleriň ussatlygyndan habar berýärdi. Biz onuň bilen edil öňden tanyş ýaly gürrüňleşip gitdik. Bu gyzyň talyp bolmagy mende buýsançly duýgulary oýardy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Aýgözel Amangeldiýewa kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna gadam basan ilkinji ýylynda öz talyp durmuşynda uly üstünliklere eýe bolmagy netijesinde milli nagyşlar bilenem has içgin gyzyklanýar. Çeper elli gyz rus, türk, iňlis we ispan dillerini suwara bilýär. Onuň şol dillerde çeper kitaplary kynçylyksyz okamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň köp dili bilmekleri baradaky sargytlaryny, öwüt-ündewlerini talyp durmuşynda ulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli medeniýetiň parlak kuýaşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

«Buz eýýamy»

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde mawy ekranlarda hem bu pasyl bilen bagly filmler ýaýlyma berilýär. Bu, esasan hem, multfilmlerde şeýle. «Walt Disney», «Blue Sky», «Pixar» ýaly animasiýa filmlerini döreden studiýalar gyş pasly bilen bagly birnäçe multfilmleri çagalara hödürleýär. Ynha, şolaryň hatarynda «Blue Sky» studiýasy tarapyndan döredilen «Buz eýýamy» multfilmi hem körpeleriň köňül küýsegine öwrüldi. Mähriban çagalar! «Buz eýýamy» multfilmi size tanyş bolsa gerek. Çünki bu multfilm indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri mawy ekranyň üsti bilen dünýäniň dürli künjegindäki çagalara ýetirilýär. Gülküli wakalary özünde jemleýän bu multfilm 2002-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine ilkinji gezek ýaýlyma berilýär. Dowamlylygy 81 minuda barabar bolan bu multfilm ilki iňlis dilinde görkezilýär. Wagtyň geçmegi bilen «Buz eýýamy» multfilmi dürli dillere terjime edilýär. Onuň ilkinji bölümi kino synçylaryň öwgüsine mynasyp bolýar. Bu bolsa, režissýorlarda multfilmiň nobatdaky bölümlerini döretmäge uly hyjuw berýär. «Buz eýýamy» multfilmi kino äleminiň iň abraýly sylaglarynyň biri bolan 75-nji Oskar baýragyna mynasyp bolýar. Mundan başga-da, multfilme birnäçe abraýly baýraklar gowşurylýar. «Buz eýýamy» multfilminiň ilkinji bölümi körpeler tarapyndan g

Buýsanja beslenen dabara

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrülip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu kompozisiýa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň adyna bolan çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy.

Kalplardan çykýan arzuwlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan, tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly üstünliklere, şanly senelere beslendi. Tamamlanan ýylda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda amala aşyrylan içeri we daşary syýasatda gazanylan ýeňişleri, ýurdumyzda eýe bolnan şanly ösüşleri, beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ugurlarynda görmek bolýar. Beýik maksatlaryň amala aşyrylýan zamanasynda islendik ulgamda zähmet çekýän, okaýan, döredijilikli işleýän ildeşlerimiziň kalplary buýsançdan doly: Gülşat DAŇATAROWA,Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy: