HABARLAR

Wagyz-nesihat çäreleri

Öwüt-ündew edildi Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, golaýda etrabymyzdaky 15-nji, 21-nji, 39-njy, 40-njy orta mekdeplerde duşuşyk geçirildi. Bu çäreleri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, etrap häkimligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap polisiýa bölümi bilelikde guradylar.

«Ýaz goşgulary» şygyrlar toplumyndan

Bahar gelipdir Gözüň aýdyň, halaýyk, gözüň aýdyň, il-günüm,Kalby ýaz deýin ile gelipdir ajap bahar.Has görkana görünýär pasyrdaýşy sülgüniň,Ak dumandan ýaşmagyn bir ýan syrypdyr säher.

«Magtymguly» diýip, adyň tutsalar...

Sungata baş goşan adamlaryň akyldar Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenmedikleri, «Magtymguly Pyragy» atly älemi açmaga höwes etmedikleri bir barmyka?! Ondan şahyrlar öz goşgularyna gönezlik, ylhamlaryna bat alsa, bagşy-sazandalar öz köňül joşgunlaryny hut Magtymgulynyň şygyrlaryndan teselli tapmak arkaly egisýärler. Suratkeşler bolsa, şahyryň döredijilik dünýäsine seýran arkaly göz öňünde janlandyran keşplerini ýoýman, ýitirmän eserlerine geçirmek arzuwy bilen ýaşaýarlar. Diňe bir halkyň hakydasynda däl, eýsem, dünýäniň hakydasynda ýaşap bilmek, bu diňe bir öz adyň däl, eýsem, dünýä inen ýurduň, üstünde ömür süren topragyň, şatlygyňa-şatlanyp, gamly günüň derdiňi deň çekişen ildeşleriň adyny hem şol hakydada ýaşatmak diýmekdir. Elbetde, eger-de häzir Gündogaryň çäginde ýa bolmasa dünýä möçberinde bir edebi çärä gatnaşmaly bolsaň, senden beýik Magtymgulynyň Watanyndan gelendigiň üçin aýratyn üns bilen garaljagy, seniň eserleriňden kämillik ölçegleriniň gözleniljegi düşnükli. Bu bolsa eline galam alan her bir türkmeniň, ha uly bolsun, ha kiçi, ha zenan bolsun, ha erkek kişi, tapawudy ýok, öňünde uly borç goýýar. Ol hem — Magtymgulynyň dilinde ýazan şygryň ýüzüniň diňe kämillige tarap bolmalydygy...

Watany wasp edýän aýdymlar

Welaýat çagalar sungat mekdebindäki hor topary geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri hereket edip gelýär. Mekdepde sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan çagalaryň ählisi diýen ýaly bu topara agza boldular. Mekdebimizdäki hor topary şu günler hem şanly baýramçylyklarymyza täze aýdym-sazlar bilen sowgatly barýar. Meniň bu topardaky iş tejribäm mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş. Şu ýylyň 1-nji awgustynda zähmet ýoluma başlanyma 30 ýyl bolýar. Geçen ýyllaryň içinde ýolbaşçylyk eden çagalar hor toparlarymyz bilen türkmen kompozitorlarynyň we dünýä aýdym-saz hazynasynyň eserleriniň köpsanlysyny öwrenip, toýdur baýramlarymyzda ýerine ýetirdik.

Togsan dolup, ýere ýyly gidende...

Dogrudanda, togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, tebigatyň keşbinde täsin ýagtylygy, özgerişligi, janlanyşy, ruhy galkynyşy duýmak bolýar. Gözbaşyny şol ýagtylykdan, janlanyşdan alyp gaýdýan baharda ynsanyň dünýäsini özgertmek ukyby bar. Şeýle ylahy güýje eýe bolan bahar diňe bir şahyrlaryň däl, eýsem, ähli adamlaryň ýürek joşgunlarynyň sakasydyr. Sebäbi baharda her bir adamyň süňňi ýeňläp, täze işleriň başy başlanýar. Şu günki ýaly ýadymda, bahar geldigi, ejem: «Öňki tamdyrymyz hem durubersin! Men size täzeje tamdyrdan çörek iýdireýin!» diýip, tamdyryny, şeýle hem ak öýümiziň gyşda ýakylan otdan garalyp duran üzükdir durluklaryny, serpigini täzelärdi. Şol barmanada «düýämiz botlady» diýen ýaly hoş habarlar gelip, owlakguzularyň mäleşýän sesleri eşidilip başlardy. Ene topragy diýsene! Oňa atan tohumynyň müňläp gitjekdigine ynanýan, herki pursatdada topraga daýanýan daýhanyň bolsa eýýämden bili guşalandyr. Özüçe hiňlenip, ýer depip, çekýän zähmetinden lezzet alyp ýörendir...

Aýdym-saza maýyl göwün

Watanymyzda özüniň aýdym-saz sungaty bilen halkyň söýgüsini gazanan sütün halypalar sanardan kän. Olaryň goýup giden mirasy saz sungatymyzyň genji-hazynasyna girendir. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewdir. Şu ýerde, öňi bilen, onuň nusgawy şahyrymyz Şabendäniň «Şabährem» dessanyndan aýdylýan «Bu jennetdir» aýdymy özbaşdak saz görnüşinde ýokary ussatlyk derejesinde çalmagy kärdeşlerine-de, şägirtlerine-de nusgalyk derejesinde bolandygyny ýörite belläp geçmelidiris. Halypanyň kämillik derejesine onuň kärdeşleri, sungaty öwrenijiler hem uly baha berýär. Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Ata Ablyýew Ýagmyr Nurgeldiýewi ýatlan mahaly şeýle gürrüň beripdi:

Kitap — egsilmez hazyna

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda kitaphanalaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, olaryň elektron görnüşli kitaplar, pudaklaýyn kataloglar we bibliografik kartotekalar ulgamlary bilen üpjün edilmegi giň gerime eýe bolýar. Elbetde, munuň özi mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny, kitaba, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de döwletimiziň, tutuş jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşlerine uly ýardam edýär. Kitaplar — mähriban halkymyzyň egsilmez baýlygy. Şunda kitaphana işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, kitaphanalarda täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaphana işini dünýä ölçeglerine laýyklykda guramak, neşir önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Kitaphanalarda döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň kitaplar bilen üpjünçiligi birkemsiz berjaý edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren beýik işleri, döredijilik äleminde ählimize görelde bolmagy, kitap önümçiligini, neşirýat, çaphana işlerini aýratyn üns merkezinde saklamagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjü

Şygryýet älemi

Parahat, rahat günler bizdedir Gowlugyň gadyryn biler garaşan,Aý bilen, Gün bilen asman alyşar.Berkarar ýurda bagt ýaraşar,Parahat,  rahat günler bizdedir.

Bagtyýarlyk joşguny

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde «Edebim — mertebäm» atly wagyz-nesihat we döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan edep-ekramlylyk, dilewarlyk we eli çeperlilik, şeýle hem talyp ýaşlaryň döredijilige bolan gyzyklanmalary, olara okamaklary we öwrenmekleri üçin döredilip berilýän giň gerimli mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatyň esasy maksady hem ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan çuňňur hormat-sarpa dogrusynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermekden ybarat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan öňegidişliklere, özgerişliklere, bitirilýän beýik işlere buýsançly gürrüňler dabarada edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Wagyz-nesihat we döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillere okamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözle

Wagyz-nesihat çäreleri

Ylmy-amaly maslahat Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramagynda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli TDP-niň Ýolöten etrap komitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň welaýat komitetiniň, etrap häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.