Magtymguly diýlip tutulýar adyň!

22 Fewral 2021
1214

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaralandyrmak baradaky Kararyna köňülnama

Aýlar-günler beýik işlere beslenende, wagt örän tiz geçýär. Türkmeniň beýik şahyrynyň, hormatly Prezidentimiziň sözi bilen aýdanymyzda, türkmeniň kalbynyň şahyry hezreti Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny uly dabara, şatlyk-şagalaň bilen bellänimiz düýn ýalydy. Ine, bu gün bolsa onuň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemegiň ýakymly aladasyna ulaşdyk. Hemişe bolşy ýaly, il-gün ähmiýetli ähli işlere döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň baştutanlygynda girişilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini dabaralandyrmak işlerine-de Arkadag Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden Kararyna laýyklykda girişildi. Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi deňli-derejeli, beýik şahyrymyzyň mertebesine laýyk geçirmek üçin ýörite guramaçylyk toparyny döretmegi tabşyrdy. Aýratyn bellemeli zat — ýubileý dabarasyny geçirmeklige toplumlaýyn çemeleşmeli. Ine, şeýdip, halkymyzyň göwnünde besleýän ýene bir arzuwyny amala aşyrmak işine girişildi.

Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar