Bagtyýarlyk joşguny

22 Fewral 2021
963

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde «Edebim — mertebäm» atly wagyz-nesihat we döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan edep-ekramlylyk, dilewarlyk we eli çeperlilik, şeýle hem talyp ýaşlaryň döredijilige bolan gyzyklanmalary, olara okamaklary we öwrenmekleri üçin döredilip berilýän giň gerimli mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatyň esasy maksady hem ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan çuňňur hormat-sarpa dogrusynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermekden ybarat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan öňegidişliklere, özgerişliklere, bitirilýän beýik işlere buýsançly gürrüňler dabarada edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Wagyz-nesihat we döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillere okamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar