HABARLAR

Gözel görkli paýtagtymyz

Ak şäherimiz Aşgabat gözelligiň mesgeni! Özüniň gaýtalanmajak bezegleri bilen görenleri haýrana goýýan kaşaň köşkleriň, belent-belent ymaratlaryň, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň her biri paýtagtymyza özboluşly gözelligini eçilýär. Al-asmana atylyp, owadan görnüşleri emele getirýän suw çüwdürimleri paýtagtymyzda bagtyň joşýandygyny alamatlandyrýar. Gülleriň ysy burk urýan seýilgähler bolsa göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz, oklaw deýin göni ýollary ak arzuwlar bilen ýola düşenleri beýik maksatlara atarýar. Ak mermere bürenip oturan Aşgabadymyz diňe bir owadan hem ýaşamak üçin amatly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap şäherdir. Çünki ol Gündogaryň hem häzirki zaman gurluşygynyň gazananlaryny özünde jemleýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

Dabaraly zähmet baýramçylyklary Etrabymyzyň çäginde köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak we ozal ekilen baglara ideg etmek, daş-töweregiň arassaçylyk işlerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Il-ýurt bähbitli ýörelgelere esaslanýan şeýle işlere edara-kärhanalaryň zähmet toparlary işjeň gatnaşyp gelýärler.

Gadamlaryň batly bolsun, Aşgabat!

Alym, atşynas Arkadagymyzyň goşgularda «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýlip taryp edilen bedewlerimize nä derejede hormat goýýandygyny diňe bir olara bagyşlanan gymmatly eserleriniň däl, eýsem, «Bedew» atly goşgusynyň mysalynda-da aýdyň görýäris. Bu goşgusynda eziz Arkadagymyz: «Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen, Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen» diýip, behişdi bedewlerimizi bagtymyza, şeýle hem, iň gymmatly zatlara deňeýär. Bu goşgyny okap otyrkaň, dünýäňde bedew atlarymyzyň keşbi janlanyp, olaryň toýnaklarynyň owaza meňzeýän dükürdisini, çarpaýa galyp, kişňeýän sesini eşidýän ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Ýüregiň joşup: Göwün üstündedir dagyň,Ýeller aňk bor çapan çagyň,Buýsanjy sen Arkadagyň,Kişňe, bedew atym, kişňe! —

Her birimiziň borjumyz

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilýän sepgitler, gazanylýan belent üstünlikler ildeşlerimiziň buýsanjyna buýsanç goşýar. Dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýan, durky düýpli täzelenilýän köçelerdir ýollarymyz ýol-ulag düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegine we ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmaga mynasyp goşant bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýörite resminama gol çekmegi bilen, köçelerimizde we ýollarymyzda hereketiň howpsuz bolmagyny mynasyp wagyz-nesihat etmek üçin, her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk çäreler toplumy geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda obadyr şäherlerimiziň, şäherara ugurlar boýunça öňden bar bolan we täze gurlup, ulanylmaga berilýän köçelerdir ýollarynda hereket etmegiň düzgün-kadalary, ulaglaryň sürüjileriniň we pyýada ýolagçylaryň hereketiniň sazlaşygyny gazanmak babatda ýokary netijeli işler amal edilýär.

Saýra, dutarym, saýra!

Halkyň, milletiň bakylygy onuň öz milli gymmatlyklaryna goýýan sarpasyna, hormatyna berk baglydyr. Çünki halk, millet hut şolar bilen özüniň aňyrsyny, aslyny dabaralandyrýar, şu gününe many çaýýar, geljeginiň ygtybarly binýadyny gurýar. Beýle diýmek, aslyň hem nesliň sazlaşygyny ebedi bir kökene düzüp bilmek diýmekdir. Eger-de sen hem şeýle kämil halkyň bir raýaty hökmünde şol ebedilige azda-kände gatanç gatyp bilýän bolsaň, onda öz ykbalyň Watanyň, milletiň ykbaly bilen pugta baglydygy üçin özüňi bagtly duýup bilersiň. Milli gymmatlyklardan söz açmagyma, geçen ýylyň aýaklaryna, ýagny 4-nji dekabrda paýtagtymyzda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat sebäp boldy. Ýadyňyzda bolsa, 4-nji dekabrda geçirilen şol halkara ylmy maslahatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylda ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azulaýyň Türkmenistana resmi saparyny guramak, «Dizaýn» döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» ulgamynda Türkmenabady, «Edebiýat» ulgamynda Mary şäherini ÝUNESKO-nyň täsin şäherleriniň ählumumy ulgamyna girizmäge taýýarlyk bilen birlikde, «

Döwre gurap tans edýärler

Kerki etrabynyň «Zemin nagmalary» folklor topary 1995-nji ýyldan bäri joşgunly, milli aýratynlyga ýugrulan folklor çykyşlary hem-de tanslary bilen baýramçylyk döwresini bezeýär. Biz bu folklor toparynyň täze çykyşa taýýarlyk görýän pursadyna şaýat bolduk. Kerki şäher medeniýet merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Ýazguly Hodjyýew folklor toparynda alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — «Zemin nagmalary» folklor toparynyň agzalarynyň aglabasy ýaşlar bolup, olar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Akmyrat Berdiýew, Kümüş Penjiýewa, Aksoltan Rahmanowa, Nusga Soltanowa, Astan Jomartow dagy bolsa toparymyz döredileninden bäri çykyş edip, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýärler. Halkymyzyň şöhratly taryhyny şu günümiz bilen sazlaşdyrýan milli folklor eserleri goýlanda, ilki bilen eseriň kompozisiýasyna laýyk gelýän has joşgunly aýdym-sazlary saýlap almaly bolýar. Halk aýdym-sazlarynda ynsanyň duýgularyna uly täsir edýän joşgun bar. Folklor çykyşlaryndaky jüpüne düşen aýdymlary Şöhrat Hudaýberdiýew saz bilen bezeýär. Toparymyzyň «Döwletli maşgala», «Altyn toý», «Galpak toýy», «Depçi gyz», «Jan elek», «Lebap gatlama», «Suw damjam — altyn

Sazyň gudraty

Aýdym-sazyň jadylaýjy owazy ynsan kalbyny heýjana salýar. Paýhasly pederlerimizden miras galan halk döredijilik eserleri aýdym-sazyň diňe bir ynsan oglunyň göwün guşuny ganatlandyrman, eýsem, guş-gumrularyň, janly-jandarlaryň hem ýüreklerini gobsundyrandygyna şaýatlyk edýär. Gadym döwürde gurply täjirleriň biri hyzmata gaýym obadaşlarynyň birini hem ýanyna alyp, uzak ýola argyşa gidermen bolýar. Düýeleriň birnäçesini ýola taýynlap, azyk-owkatyny, goş-golamyny jemläp, obadaşyny hem ýanyna alyp, ýola düşüpdir. Ol hoş heňli, mylaýym sesli ýigit eken. Ötülmeli ýoluň pikirini unutmak, ýadawlygy duýmazlyk üçin täjir ýigide aýdym aýtmagy teklip edipdir. Hälki ýigit bu teklibi birkemsiz ýerine ýetiripdir, ýakymly owazy bilen aýdyma hiňlenipdir. Bu owaza maýyl bolan düýeler hem ýol ýadawlygyny duýmazdan, üç günde aşmaly menzilini bir gijede geçipdirler. Barmaly menziline ýetenlerinde, ýigit hiňlenmesini goýupdyr. Düýeler diňe şondan soň ysgyn-mydaryny ýitirip, bir tarapa agypdyrlar we jan berip başlapdyrlar. Diňe ýekeje düýe janhowluna urnup, hokurdap, däbşenekläp ýatyrmyşyn. Täjir köp oýlanyp, bu ýagdaýa şol ýakymly owazyň sebäp bolandygyny aňypdyr. Ol ýigdekçäni ýanyna çagyryp, düýe az-kem özüne gelýänçä, ot-suwdan ganýança, mylaýym aýdymlardan birini aýt

Sünnäli sesinden sungat döredýär

Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew çagalyk ýyllarynda Jeýhunyň owazyny aýdymlara meňzederdi. Atajanyň ilkinji diňleýjisi Amyderýady. Ilkinji gezek ony bu Hakyň nazary düşen derýa diňläpdi. Öz içki duýgularyny, hiç kimiň ýanynda aýdyp bilmedik geplerini hem diňe şol derýa ynandy. Şonuň üçinem onuň aýdymlarynda sungat barlygyň bir bölegi, tebigatyň azat perzendi bolup göz öňüňde janlanýar. Ol 2000—2004-nji ýyllarda Lebabyň ýörite sungat mekdebinde halypa mugallym Täzegül Baltaýewadan aýdym aýtmak ugry boýunça tälim aldy. Şol döwürde dürli saz gurallarynda saz çalmagyň inçe syrlaryny hem özleşdirerdi.

Saz – ynsan kalbynyň owazy

Saza, onuň gudratyna biparh garaýan adam ýok bolsa gerek. Saz adamyň ýüregine, duýgularyna güýçli täsir edýär. Mukamyň jadysy ynsan kalbyna bir pursatda aralaşyp, duýgularyny öz erkine tabyn edýänliginde bolsa gerek. Beýleki sungat eserlerine garanyňda, sazyň adama täsir ediş gurşawy has uludyr. Elbetde, her bir adamyň öz islegi, öz dünýägaraýşy bar. Şol nukdaýnazardan, her adama saz sungatynyň belli bir ugrunyň ýaramagy mümkin. Sazyň ynsanyň ýaşyna, aň-düşünjesine garamazdan, hemmelere belli bir derejede täsir etmegi örän täsin ýagdaýdyr. Dünýäniň beýik lukmany Ibn Sina saza «dermansyz» kesel bejermegiň usuly hökmünde garapdyr. Şeýle hem halkymyzyň geçmiş taryhynda birnäçe keselleriň saz arkaly bejerilendigi hakynda maglumatlar bar. Dutaryň jadylaýjy mukamy arkaly gyzamyk keselini bejeripdirler. Dünýä alymlary sazyň terbiýeleýji, ruhlandyryjy we rahatlandyryjy häsiýetleriniň bardygy hakynda netijä gelipdirler.

Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar

Mähriban halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrdy. Ak mermerli paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyryldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar we beýleki adamlar öňňin ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.