HABARLAR

Dutaryň owazy — parahatçylyk sazy

Türkmen halky — toý-baýramy we onuň bezegi bolan aýdym-sazy söýýän, şahandaz halk. Bu jadyly sungat her bir ynsany özüne maýyl edip, oňa ruhy lezzet berýär, durmuş belentliklerine ruhlandyrýar. Milli aýdym-saz sungaty türkmeniň kalbynyň owazy bolup, nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýetdi. Merdana pederlerimiz öz ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini bu sungatyň süňňüne siňdiripdirler. Şeýle bolansoň, milli aýdym-sazlarymyzy diňläniňde, türkmeniň menzillere uzaýan taryhy göz öňüňde janlanýar. Uzak asyrlaryň dowamynda türkmen aýdym-saz sungaty parahatçylygyň ilçisi, toý-baýramlaryň buşlukçysy, köňüllerimiziň ylhamy bolup geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli saz gurallary senetçiligini, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, bu ugurda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň ähmiýetini dünýä ýaýmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen milli sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hökmünde dutar sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, dutar ýasamak senetçiligini ösdürmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillerde

«Ysy başgadyr»

(Meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň ömrüne dahylly üç pursat) 1

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär.

Watan hakda söz açsaň...

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy esasynda goýlan adybir sahna oýny hakda söhbet Uzak garaşdyran arakesmeden soň, bu gün teatryň tomaşaçylary ýetikdi. Edil şu pursat teatr bilen tomaşaçylaryň arasynda bitewi bir sazlaşyk döräpdi. Bu ýere ýygnanan sungat muşdaklary ömürboýy Watan didaryny küýsäp, bütin ömrüne Watan zaryny çekip ýaşan zenanyň ykbaly hakyndaky oýna tomaşa edýärdiler. Bu ýere gelenler edil dil birikdiren ýaly, birde ellerini eňeklerine diräp, birde dyzlaryna urup, birde başlaryny ýaýkap... özlerinden biygtyýar oýundaky wakalar bilen ýaşaýardylar. «Watan-ow, Watan!» diýip döken gözýaşlaryndan ýaňa gözleri sokur bolan garry enäniň halyna gynanyp, owasyndan biygtyýar syrygýan gözýaşlaryny sylýanlar-da az däldi. Hamala, olara näbelli güýç perman berip duran ýalydy. Ol güýç täze eseri döredijileriň birleşen tagallasynyň miwesidi.

Sungatyň terjimeçisi

Sungaty öwrenijileriň sungat eserlerini görüşleri-de üýtgeşik bolýar. Umuman, bu olaryň dünýäsiniň, dünýägaraýşynyň giňligi üçin şeýle. Sebäbi sungaty öwrenijiler hemişe sungaty öwrenýändikleri üçin olaryň nazaryýeti ideallygy bilen tapawutlanýar. Sungaty öwreniji — sungat eseri bilen tomaşaçynyň arasyndaky dilmaç, mahlasy, sungatyň terjimeçisi. Şonuň üçin olaryň sungat hakyndaky gürrüňlerem başgaça — manyly, maňyzly. Biz şeýle sungaty öwrenijileriň biriniň döredijiligi hakynda söhbet açmagy müwessa bildik. Çünki onuň gürrüňleriniň gyzykly bolşy deýin, döredijilik ýoly-da gyzykly.

Ylham joşguny

Abadan iller Agzybirlik bilen joşýar,Erkana abadan iller.Watan görküne görk goşýar,Görkana, abadan iller.

Bagtyň sakasy

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini, ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda terbiýelemegi wagyz etmek maksady bilen, «Saglyk — sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatdaky çykyşlarda saglyk, onuň ähmiýeti, bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-günüň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň edildi. Ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bolan ynsan saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry hökmünde ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, ony işjeň wagyz edýän döwlet Lideri hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde amala aşyrylýan asylly işler barha rowaçlanýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlik gazanýan türgenlerimiziň sany barha köpelip, dünýäde türkmen sportunyň abraýy barha belende galýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäs

Sahnada «Yşkyň gämisi»

Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahnasynda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi eseri esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Yşkyň gämisi» atly spektakl tomaşaçylara görkezildi. Teatr möwsüminiň açylyşyna bagyşlanan täze spektaklyň sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew bilen Süleýman Hojamyradow ýerine ýetirdiler. Spektaklda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Selbi Nyýazowanyň ýerine ýetiren sazlary ýaňlandy. Sahna oýnunda ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna belent söýgüsi maşgala mukaddesliklerine goýulýan hormat bilen bilelikde beýan edilýär. Baş keşplerde çykyş edýän ýaş artistler Begenç Garlyýew, Merjen Garlyýewa, Dilşat Meläýewa özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Halypalar Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ejebaý Kasymowanyň, Gülşat Tahyrowanyň janlandyran keşpleri tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Tejribe alşyldy

Ýakynda Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebi bilen Daşoguz welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly usuly-okuw maslahat hem-de ussatlyk sapagy geçirildi. «Saz nazaryýetiniň häzirki zaman usullary» atly usuly-okuw maslahaty hem-de ussatlyk sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlandy. Oňa iki welaýatyň Ýörite sungat mekdepleriniň tejribeli mugallymlary gatnaşdy. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri Baýramdurdy Artykow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän usuly-okuw maslahaty hem-de ussatlyk sapagyny açyp, onuň ähmiýeti barada gürrüň etdi. Usuly-okuw maslahatynda hem-de ussatlyk sapagynda mowzuklaýyn çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary P.Hudaýarowanyň «Çagalar sungat mekdeplerinde solfejio dersini okatmagyň meseleleri», M.Hudaýarowyň «Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminde täze maksatnama boýunça işleniliş usullary», P.Ýalmanowyň «Saz teoriýa dersiniň öwrenilmegi», P.Aşyrberdiýewiň «Dünýä saz sungaty» atly çykyşlary örän täsirli boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegi, kämilleşmegi we dünýä ç

Diňe sungat hakynda

Ýylyň görki bahar bolar, ýaz bolar. * * *