HABARLAR

Kitap okamak boýunça çäre geçirildi

Durmuşyň bezegi — eziz çagalar Golaýda TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Durmuşyň bezegi — eziz çagalar» ady bilen kitaby labyzly okamak boýunça çäre geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

Baýramçylyk sergisi guraldy

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet ― halkyň ruhy baýlygy» diýen at bilen sergi guraldy. Sergide ussat suratkeşleriň Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärlikleri wasp edýän eserleri, toýundan ýasalan gap-gaçlar, syrçaly küýzeler, çyraglar ýaly esbaplar sergilenildi. Şeýle hem muzeýiň gaznasynda saklanylýan XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp eden el işleri, haly we haly önümleri, milli gymmatlyklarymyz bolan dutar, gyjak, deprek, tüýdük ýaly saz gurallarymyz sergä tomaşa edenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Hoşniýetliligiň dabaralanmasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde mukaddes Gurban baýramy türkmen halkyna mahsus däp-dessurlar, agzybirlik, jebislik, asyrlar aşyp gelýän milli döwletlilik ýörelgeleri esasynda ruhubelentlik bilen garşylandy. Şanly ýylda Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary özünde jemleýän ak mermere bürenen täze öýlerinden täze jaýly bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ildeşlerimiz Gurban baýramyny maşgala abadançylygynda öz dogan-garyndaşlarydyr goňşy-golamlary bilen ýagşy arzuw-umytlar, doga-dilegler edip garşyladylar. Ildeşlerimiziň şeýle bagtyýar pursatlaryny görüp, şahyryň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerinden häzirki günümizi arzuwlandygyna düşünýärsiň. Hakykatdan-da, bu döwür ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň ykbalynyň göterilen, ýolunyň şamçyrag mysaly nur saçýan, şu gününiň we geljeginiň rowaçlanýan, nesilleriň bagtly, erkana önüp ösýän döwrüdir.

Adam. Jemgyýet. Döwlet.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşiň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar, möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzyň ýeten durmuş-ykdysady sepgitleri, halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýäde ykrar edilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi hem öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin edara-kärhanalarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde öz işlerini guramaçylykly alyp barýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ildeşlerimiziň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksatly birnäçe çäreleri, ýygnaklary, duşuşyklary yzygiderli we guramaçylykly geçirýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edil

Zähmet — mekdep

Ynsany bezeýän zatlaryň biri-de onuň zähmeti we hünäridir. Ýaşaýan obaňyzda, şäheriňizde öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten adamlar, hojalyklar näçe diýseň bardyr. Olar bilen gürrüňdeş bolsaňyz ýa-da iş salyşsaňyz, olaryň özlerini alyp baryşlary, gepi-sözi ýerliklidir. «Halal zähmet adamy terbiýeleýär» diýen söz ýöne ýere däldir. «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, işleýän adamlaryň sarpasy, mertebesi belent, orny tördedir. Adam zähmete ýaşlykdan werziş bolmaly. Çagalykda öz güýjüniň ýetýän işi bilen meşgullanyp, zähmete uýgunlaşmasa, ulalansoň oňa iş öwretmek, işletmek kyn bolýar. Bu barada Magtymguly Pyragynyň «Ulalanda iş hoş ýakmaz // Ýaşlykdan köýmän ýigide» diýen setirlerinde beýan edilýär.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. «Arkadag» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Raýatlaryň bähbitlerini kepillendirýän kanunçylyk

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Türkmenistan Watanymyzda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, kanunçylyk binýadyny özgertmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň hem kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Ýaşaýyş  jaý kodeksi munuň aýdyň subutnamasy hökmünde öňe çykyp, ol raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmaga we ýaşaýyş jaý bazaryny emele getirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namasydyr. Ýurdumyzyň raýatlaryny amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek we ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi hem-de kanunda kesgitlenen esaslar bolmasa, olaryň ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmezligi barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Halkyň saglygyny goramak ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheri bagtyň şäheri hökmünde köňüllere bagtyýarlyk bagyşlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ýere yzygiderli amala aşyrýan iş saparlarynyň dowamynda ajaýyp şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň nyşanydyr. Milli Liderimiz şu ýylyň 8-nji iýunynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndüriljek lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň öndürilýändigi barada habar berildi.

Belent ynama ygrarly bagtyýar ýaşlar

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi milli bilim we terbiýeçilik ulgamynda täze ösüşleriň çelgisi boldy. Kanunda ýaşlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy, geljegine umyt baglanýan ýaş nesilleriň ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän dürli döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Dürli ugurlardan oňat baş çykarýan ýaşlaryň bu bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.