HABARLAR

Dünýä täzelikleri

Eme­li aňa ba­gyş­la­nan mas­la­hat. Şan­haý­da 4-7-nji iýul ara­ly­gyn­da eme­li aň bo­ýun­ça VII Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Çä­rä bü­tin dün­ýä­den 500-den gow­rak myh­man gat­naş­dy. Mas­la­ha­t­da iki müň tö­we­re­gi in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Ola­ryň ara­syn­da adam­sy­pat ro­bot­lar, uçar­man­syz ulag­lar we dron­lar bar. Re­kor­dy tä­ze­län ýol. Hy­taý­da bir­ba­da 10 sa­ny dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­län ägirt uly Şenç­žen-Çžun­şan de­ňiz ýo­ly açyl­dy. 24 ki­lo­metr­lik ýol 2 şä­he­riň ara­syn­da­ky ýo­luň wag­ty­ny iki sa­gat­dan 30 mi­nu­ta çen­li azal­dar. Tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy ýe­di ýyl do­wam et­di we umu­my çyk­da­jy­lar 1,5 mil­liard dol­lar bol­dy.

«Görk – agyz­dan...»

Sag­dyn bol­mak üçin esa­sy şert­le­riň bi­ri hem, ka­da­ly, aras­sa iý­mit­len­mek we fi­zi­ki taýdan iş­jeň ýag­daý­da bol­mak­dyr. Sag­dyn iý­mit­len­mek süý­jü­li dia­bet­den, ýü­rek-gan da­mar ke­sel­le­rin­den, in­sult­dan hem-de beý­le­ki ýo­kanç däl ke­sel­ler­den adam be­de­ni­niň go­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bü­tin dün­ýä­de ilat ara­syn­da se­miz­li­giň we ar­tyk­maç ag­ra­myň gör­ke­zi­ji­le­ri art­ýar. Munuň öňü­ni al­mak üçin iý­ýän iý­mi­ti­mi­ze aý­ra­tyn üns ber­me­li­di­ris. Her gün möw­süm­le­ýin biş­ýän ter gök önüm­le­ri, mi­we­le­ri köp­räk iý­me­li hem-de iý­mi­tiň dü­zü­mi­ne kö­sük­li, dä­ne­li önüm­le­ri, ma­ňyz­la­ry goş­ma­ly. Kö­sük­li­ler we ma­ňyz­lar ösüm­lik be­lok­la­ry­nyň esa­sy çeş­me­si­dir. Ra­fi­nir­le­nen krah­ma­lyň, şe­ke­riň, ýag­la­ryň we du­zuň ula­nyl­ma­gy­ny iý­mi­tiň dü­zü­min­de müm­kin bol­du­gyn­dan azaltmaly. Iý­mit re­je­sin­de be­lok­lar, ýag­lar we ug­le­wod­lar 1: 1:4 gat­na­şyk­da bol­ma­ly. Se­bä­bi ýag­lar öý­jük gur­lu­şy­na, de­ri ör­tü­gi­niň sag­ly­gy­na, kä­bir wi­ta­min­le­riň öz­leş­me­gi­ne we iý­mit­den ka­na­gat­lan­ma

Ro­bot de­mir­ýol­çy işe baş­la­dy

Teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösen ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Ýa­po­ni­ýa de­mir ýol gat­na­wy­nyň hem ösen ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da de­mir ýol inf­rast­ruk­tu­ra­syn­da iş­le­dil­mek üçin bo­ýy 12 met­re ýet­ýän äpet ro­bot iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Ýük ula­gy­na ber­ki­di­len ro­bot de­mir ýo­luň elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ni abat­la­ýar. Ulag­da­ky ope­ra­tor en­ja­ma göz hök­mün­de ýer­leş­di­ri­len ka­me­ra­la­ry ar­ka­ly oňa gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Ope­ra­tor mu­nuň üçin hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­ne­gi­ni dak­ýar. Ro­bot reňk guý­lan gu­ty­ny, çot­ga­ny, byç­gy­ny we ýi­ti gu­ral­la­ry ula­nyp bil­ýär. Gün­ba­tar Ýa­po­ni­ýa de­mir ýol­la­ry eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ka­zua­ki Ha­se­ga­wanyň aýt­ma­gy­na gö­rä, ro­bot, il­kin­ji no­bat­da, elekt­rik li­ni­ýa­sy­na zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek agaç şa­ha­la­ry­ny kes­mek­de we elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ni abat­la­mak­da peý­da­la­ny­lar. Ka­zua­ki bu ro­bo­tyň iş­çi­le­riň ara­syn­da­ ýü­ze çy­kyp bil­jek tok ur­mak ýa-da gaç­mak ýa­ly ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. «Nip­pon Sig­nal» hem-de «Jin­ki It­tai» kom­pa­ni­ýa­la

At­gu­lak – der­man­lyk ösüm­lik

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gyn­da der­man­lyk ösüm­lik­ler giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ola­ryň kö­pü­si bir­nä­çe ke­sel­le­ri be­jer­mek­de mö­hüm se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Yn­san hem is­len­dik jan­ly or­ga­ni­zim ýa­ly ösüm­lik dün­ýä­si bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr hem-de bio­lo­gi­ki nuk­daý­na­zar­dan oňa has ýa­kyn­dyr. Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz der­man­lyk ösüm­lik­le­re örän baý­dyr. Şeý­le der­man­lyk ösüm­lik­le­riň bi­ri hem ekin ýer­le­rin­de, ýol gy­ra­lar­da, dag-düzlerde ýe­tiş­ýän at­gu­lak­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li, yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da hem türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik dün­ýä­sin­de äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýän at­gu­lak ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. At­gu­lak­dan dür­li mel­hem­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň we ulan­ma­gyň usul­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Bu ösümlik ir­ki za­man­lar­dan bä­ri der­man­lyk mak­sat­lar üçin peý­

Emeli gözelleriň bäsleşigi

Dün­ýä­niň eme­li aň ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. «Miss AI» at­ly bäs­le­şik­de bi­rin­ji ýer ala­na 20 müň dol­lar pul baý­ra­gy go­ýul­dy. Komp­ýu­ter­de dö­re­di­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da ma­rok­ko­ly «inf­lu­encer» Ken­za Laý­li bi­rin­ji bol­dy. Bü­tin­dün­ýä eme­li aň dö­re­di­ji­le­ri baý­ra­gy­ny (WAICA) al­ma­ga je­mi 1 müň 500 mo­del gat­naş­dy. Ola­ra ha­ky­ka­ta ýa­kyn­ly­gy­na we teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä ba­ha be­ril­di. «The Post» ne­şi­ri­ne «in­terw­ýu be­ren» Laý­li adam­lar ýa­ly duý­gu­la­ry duý­ma­ýan hem bol­sa, baý­rak alan­dy­gy üçin tol­gu­nan­dy­gy­ny aýt­dy. Öz blo­gyn­da yzy­gi­der­li ýaz­gy ýaz­ýan Ken­za Laý­li­niň «Ins­tag­ram»-da 194 müň yzar­laý­jy­sy bar. Ýa­ryş­da ikin­ji or­na fran­si­ýa­ly La­li­na, üçün­ji ýe­re por­tu­ga­li­ýa­ly Olivia C. my­na­syp bol­dy. Ýaryşy guraýjylar bäsleşige gyzyklanmanyň örän ýokary bolandygyny belleýärler.

Pi sa­nyn­da tä­ze re­kord

Mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik tö­we­re­gi onuň dia­met­ri­ne bö­le­niň­de, ne­ti­je­si 3,14 çyk­ýar. As­lyn­da, bu san tü­ke­nik­siz ýag­daý­da uzap gid­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ma­te­ma­tik­ler we in­že­ner­ler her ýyl­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyp, Pi sa­ny­nyň has ta­kyk ba­ha­sy­ny tap­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, üç­den soň gel­ýän otu­ryň yzy­na ýe­ne-de müň­ler­çe san go­şul­ýar. «Sto­ra­ge­Review» la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri 202 tril­li­on 112 mil­liard 290 mil­li­on bas­gan­ça­gy­ny ha­sap­la­dy­lar. Şeý­le­lik­de, in­že­ner­ler to­pa­ry şu ýy­lyň 14-nji mar­tyn­da, ýag­ny hal­ka­ra Pi gü­nün­de ha­sa­ba al­nan öz­le­ri­ne de­giş­li 105 tril­li­on bas­gan­çak­ly re­kor­dy tä­ze­le­di­ler. Bu sa­ny ha­sap­la­mak üçin örän ýo­ka­ry komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­nyl­ýar. In­že­ner­ler to­pa­ry 85 gün­läp yzy­gi­der­li iş­le­ýän al­go­rit­m­den peý­da­lan­dy­lar. Ha­sap­la­ma je­mi 1,5 pe­ta­baýt­lyk ýer al­dy.

Iň uly sandwiç

Bo­li­wi­ýa­da aş­pez­le­riň we ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da dün­ýä­niň iň uly sand­wi­ji taý­ýar­lan­dy. Ýur­duň paý­tag­ty La-Pas­da ge­çi­ri­len re­kord sy­na­ny­şy­gy­na müň­ler­çe adam gat­naş­dy. Iň uly sand­wi­ji taý­ýar­la­mak üçin 300 ki­log­ram un, bir­nä­çe hal­ta kä­şir-so­gan we 380 ki­log­ram et ula­nyl­dy. Sand­wiç taý­ýar­la­ma­ga 100-den gow­rak aş­pez, ta­lyp we gast­ro­no­mi­ýa bi­ler­men­le­ri gat­naş­dy. Re­kord sy­na­gyň mak­sa­dy­nyň Bo­li­wi­ýa­nyň dün­ýä­de ta­nal­ma­gy­na go­şant goş­mak­dan yba­rat­dy­gy mä­lim edil­di. Ta­gam taý­ýar bo­lan­dan soň­ra, bö­lek­le­re bö­lü­nip bu ýe­re ýyg­na­nan mä­hel­lä paý­lan­dy. Şeý­le hem bu gy­zyk­ly çä­rä to­ma­şa et­mä­ge ge­len­le­re ada­ty ulu­lyk­da­ky sand­wiç­ler hem hö­dür edil­di. Aý­my­rat KUR­BAN­MU­RA­DOW,

Kos­mos in­ter­ne­ti sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­ýär

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gö­nü­den-gö­ni kos­mos­dan in­ter­net hö­dür­le­ýän hyz­ma­ty sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hem ös­me­gi­ne ge­tir­di. Kom­pa­ni­ýa hä­zi­re çen­li «Star­link« tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra­ny Ýe­riň or­bi­ta­sy­na çy­kar­dy. Bu eme­li hem­ra­lar kos­mos­da­ky «Wi-Fi rou­te­ri» hök­mün­de hyz­mat edip, me­de­ni zo­lak­dan uzak­da­ky ýer­le­ri ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün ed­ýär. Bu hyz­mat­dan uçar ýo­lag­çy­la­ry we de­ňiz­ler­de uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýän gä­mi­le­riň ýo­lag­çy­la­ry hem peý­da­lan­ýar. In­di de­ňiz sy­ýa­hat­çy­ly­gy bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň kö­pü­si gä­mi flo­ty­ny «Star­link» in­ter­ne­ti bi­len en­jam­laş­dyr­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ýo­lag­çy­la­r deň­ziň jüm­mü­şin­de in­ter­net hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp, gy­zyk­ly wagt ge­çi­rip, hatda uzak ara­lyk­dan iş­le­ri­ni hem edip bil­ýär­ler. Bu bol­sa sy­ýa­hat mak­sat­ly gä­mi­le­re bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar. “Carnival Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Joş Weýnşteýn kosmos internetiniň tizliginiň gury ýerdäki

Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry haj par­zy­ny ber­jaý edip gel­di­ler

Har­ma­ny­ňy­za be­re­ket, gal­la­çy ba­ba­daý­han­lar

Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. 8-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýe­wiň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da we se­bit­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­le­riň bar­şy bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy.