HABARLAR

Sazyň jadylaýjy täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Adam­zat ta­ry­hyn­da sa­zyň tut­ýan or­ny örän ulu­dyr. Yn­san şat­la­nan­da ýa-da gam­gyn bo­lan­da saz diň­le­ýär. Saz yn­sa­nyň gö­wün syr­da­şy diý­sek hem ýer­lik­li bo­lar. He­niz ene­si­niň göw­re­sin­de­kä, ça­ga daş-tö­we­rek­dä­ki bo­lup geç­ýän zat­la­ryň tä­si­ri­ni duý­ýar, sa­zyň owa­zy­ny eşid­ýär. Saz ça­ga­ny ra­hat­lan­dyr­ýar, onuň fi­zi­ki we akyl taý­dan ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Saz öz­bo­luş­ly be­je­riş usul ha­sap­lan­ýar.

Mak­sa­da ok­gun­ly­lyk —iň uly üs­tün­lik

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 El­bet­de, adam her bir zat­da ne­ti­je ga­zan­mak üçin il­kin­ji no­bat­da öňün­de mak­sat goý­ma­ly. Biz tür­gen­ler hem spor­tuň is­len­dik ug­ry bo­ýun­ça kä­mil­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­mek üçin bi­li­mi­zi berk gu­şap, öm­rü­mi­zi spor­ta ba­gyş et­me­li. Sport­da ga­za­nan ýeň­şiň döw­le­tiň ab­ra­ýy, onuň şan-şöh­ra­ty. Şol wagt eli­ňi ýü­re­giň üs­tü­ne go­ýup, onuň buý­sanç­ly ur­gu­la­ry­ny du­ýup döw­let se­na­sy­ny hy­juw bi­len ses­le­nip aýt­mak, göz­le­ri­ňi dün­ýä­niň iň aja­ýyp pur­sat­la­ry­ny syn­lan dek ýa­şyl tu­gu­my­zyň beý­le­ki baý­dak­lar­dan ýo­kar­da du­rup gö­te­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek­den, me­ge­rem baş­ga üs­tün­li­gi bol­maz. Mun­dan şeý­le ne­ti­je çy­kar­ma­ly: mak­sa­da ok­gun­ly­lyk — iň uly ýeň­şiň. Se­bä­bi gel­je­ge bo­lan yna­myň bol­ma­sa, tür­gen özü­niň ejiz ta­rap­la­ry­ny äş­gär ed­ýär. Sport are­na­sy­na çy­ka­ny­myz­da gar­şy­da­şy­myz­dan üs­tün çyk­mak üçin özüň­de «Men hök­man ýeň­me­li, se­bä­bi me­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­ly­gy­ma ga­raş­ýan­lar bar. Men ola­ryň ta­ma­sy­ny hök­man

Dün­ýäniň ähli ene­-atalaryny oýa ba­ty­ran mek­dep mü­di­ri­niň ha­ty

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sin­ga­pur­da­ky mek­dep mü­di­ri okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri­ne äh­li in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­ny oý­lan­dyr­ýan hat ýol­la­dy. On­da ýol­baş­çy, hat-da, öz di­ýen­li ata-enä­niň kal­by­na ýol ta­pyp bil­jek örän mö­hüm ha­ky­kat­la­ry be­ýan edip­dir. All Sin­ga­po­re Stuff ne­şi­ri ana, şol ha­ty hö­dür­le­ýär.

Toyoto Camry V6

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Toyo­ta­nyň ta­ry­hy dok­ma ma­şy­nyn­dan baş­lan­dy. 1896-njy ýyl­da Sa­ki­çi To­ýo­da en­ja­my elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len en­jam­laş­dyr­dy, nä­saz­lyk­lar ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da aw­to­ma­ti­ki öç­di. In­že­ner tiz wagt­dan «Toyo­da» mar­ka­sy­na öw­rü­len za­wo­dy dö­ret­di. Sa­ki­çi­niň og­ly Kii­çi­ro To­ýo­da dok­ma za­wo­dy­ny ma­şyn gur­lu­şy­gy­na öwür­me­gi ba­şar­dy. Ka­ka­sy­nyň aw­tou­lag­la­ra bo­lan söý­gü­si­ni ama­la aşyr­mak üçin 1930-njy ýyl­da in­ži­ner­çi­lik bi­li­mi we da­şa­ry ýurt­da­ky tej­ri­be­si ne­ti­je­sin­de ka­ka­sy­nyň kom­pa­ni­ýa­syn­da aw­tou­lag ön­dür­mek bö­lü­mi­ni aç­dy. 1935-nji ýyl­da «Toyo­da» mar­ka­sy bi­len il­kin­ji aw­tou­lag­lar – A1 ýo­lag­çy aw­tou­la­gy we G1 aw­tou­la­gy­ny çy­kar­ýar.

Türk­me­nis­tan – uzak ýaş­ly­laryň ýur­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bu ke­rem­li top­ra­gyň bi­ze eçi­len nyg­mat­la­ry her bir yn­sa­nyň öm­rü­ne ömür goş­ýar. Dur­muş wa­ka­la­ry asyr­lar aşan adam­la­ryň ýü­zün­de bu gün­ki gün hem mi­ze­mez bag­ty gör­mek bol­ýar. Maň­la­ýyn­da jo­ýa ýa­san ýy­gyrt­lar­da Wa­ta­na, il-ýur­da, ene top­ra­ga çe­ken zäh­me­ti, eden yh­la­sy du­ýul­ýar. Dö­wür ola­ra en­çe­me sü­tem­le­ri gör­ke­zen bol­sa-da, hä­zir­ki wagt­da bagt­ly eş­re­tiň hö­zü­ri­ni gör­ýär­ler. Çün­ki bu dö­wür – Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri.

Meşhur grossmeýster bilen duşuşyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 10-njy okt­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly ta­ny­mal gross­meýs­ter Nay­jel De­wid Şort myh­man­çy­lyk­da bol­dy. Myh­man küşt we şaş­ka mek­de­bin­de se­mi­nar okuw gu­ra­dy. Bu se­mi­nar oku­wa küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň tej­ri­be­li ta­lim­çi­le­ri, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň küşt hü­nä­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Ahal welaýaty, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Suw hojalygynda işleri ilerledip

Düýn Ahal welaýatynyň çäginde häzirki zaman desgalarynyň birbada ikisiniň — Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň, şeýle-de Tejen etrabynda suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi şatlykly dabaralara beslendi. Habarçymyz täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdi.  

Täze ýyla — täze ýaşaýyş toplumynda

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günler ýurdumyzda şanly wakalara, toý şatlygyna beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça beýik başlangyçlary esasynda uly işler, ösüşler bilen täze belentlikleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynda hem tamamlanyp barýan ýylyň bu günleri ajaýyp wakalar bilen nurlanýar. Ozal habar berlişi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol welaýatda giň gerimde alnyp barlan iň uly gurluşyklaryň biridir. Ilatyň döredijilikli zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap toplumda 1496 hojalyga niýetlenen jemi 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy, saglykdyr söwda merkezleri, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi bina edildi. Umumy meýdany 71 gektara barabar bolan täze toplumdaky ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylary, 38 sanysynyň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň işçileri alyp bardy. Şol gün bu gözel künjekde

Milli buýsanjyň çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden kemal tapan eserleri biziň her birimiziň durmuş şamçyragymyzdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny we nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde hem gymmatly hazynadyr. Ine, mähriban Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda peşgeş beren täze — «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň şöhratly taryhyna hem-de edebi mirasyna belent buýsançdan dörän kämil eserdir. Kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýen iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda taryhyň dürli eýýamlarynda dünýä ýaň salan beýik türkmen döwletleri bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada söhbet edilýär. «Ruhy miras» babynda bolsa halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden bäri dowam edip gelýän milli ruhy ýörelgelerimiziň çuň filosofiýasy beýan edilýär.