«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri

12 sagat öň
18

Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda kitaba sarpa goýmak ýörelgesi döwrebap derejede giňden dabaralanýar. Halkymyzda kitabyň keremi — keramaty täsiri dogrusynda aýdylýan zat juda kän. Çünki kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany — söz baýlygyny özünde jemleýär.

Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.