HABARLAR

Awaza — dostluk mekany

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi we saglygy, olaryň mynasyp bilim-terbiýe, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy ýokary derejede geçirilipdi. Şol bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Döwrebap okuw esbaplary

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mekdep okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Satuwa çykarylýan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan, laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, aşakdaky maslahatlary bilen ýüzlenýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregini haşal otlardan arassalamaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, beýleki tiz tutaşýan çig mallar düşelmeli däldir.

Sapaly dynç alşyň şatlygy

«Daýanç» sagaldyş merkezi çagalaryň uly höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi.  Irden başlanan sport çärelerinden ruhlanan çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Gyzykly we guramaçylykly ýagdaýda geçirilen sport çärelerinde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine sowgatlar  gowşuryldy.  Soňra  bu ýerde dynç alýan çagalar «Awaza» akwaparkynyň amfiteatrynda Balkan welaýat medeniýet merkeziniň aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahnalarda mähriban dostluk, ajaýyp çagalyk döwri baradaky wakalar görkezildi. Soňra bu ýerde çagalaryň  bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary ýatda galyjy boldy. Çagalar erteki gahrymanlary bolan  aýy, alabaý, towşanjyk, gurbaga, möjek, bars bilen bilelikde şatlandylar. Muňa Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.

Belent başlangyçlara badalga

Ýakynda etrapdaky medeniýet merkezinde etrap häkimliginiň, etrapdaky jemgyýetçilik guramalarynyň, etrapdaky medeniýet merkeziniň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — belent başlangyçlara badalga» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Geldimyrat Aşyrow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammetorazow, TAP-nyň esasy hünärmeni Ogulnäzik Mukymowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Atageldi Gurbanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin alnyp barylýan beýik başlangyçlar dogrusynda giňişleýin nygtadylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Edebiýatyň göwher täji Golaýda şeýle at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Durmuşyň bezegi — eziz çagalar

TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet öýüniň hem-de “Arkadagyň bagtyýar nesileri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Bagtyýar nesiller — durmuşyň bezegi” ady bilen labyzly kitap okamak boýunça çäre geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Dana, ussat – pähim-paýhas ummany, beýik şahyr – Magtymguly Pyragy» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleri, etrabyň medeniýet we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, baý edebi mirasy, berkarar Watanymyzda dana şahyrymyza goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onuň barşynda dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik şahyryň toýy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler hem-de «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykmagy bilen bagly buýsançly söhbede aýratyn orun berildi.

«Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, çagalaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak, ýaşlaryň arasynda türkmen milli medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň däplerini wagyz etmek we düşündirmek, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine olaryň aň-düşünjesini, ruhy döredijiligini has-da ösdürmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar» atly şygar astynda gezelenç çäresi guraldy. Gezelençde çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň ylmy-edebi mirasy hem-de geçmişde yz goýan taryhy şahsyýetlerimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza degişli, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda alyp barýan il bähbitli işleri

Sapaly merkezdäki çekeleşikli bäsleşik

«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň guramagynda geçirilen küşt bäsleşigi çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşik häzirki wagtda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sport işjeňligine höweslendirmek, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, bagtyýar halkymyza wepaly, berk bedenli, ruhubelent nesilleri kemala getirmek babatdaky ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Şeýle sport ýaryşlary çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmeginde uly ähmiýete eýedir. Paýhas oýny bilen gyzyklanýan çagalaryň arasyndaky ýaryş ezber türgenleri ýüze çykardy. Gazanan utuklaryna laýyklykda, ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi we olar baýraklar, Hormat hatlar bilen sylaglandylar.