HABARLAR

Surat bäsleşiginde Bitaraplygyň waspy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň guramagynda «Bitaraplyk — baky bagtym, buýsanjym» diýen at bilen geçirilen surat bäsleşigine çagalar çeperçilik mekdebimiziň okuwçylary gatnaşdylar. Olar bäsleşige hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny edýän eserlerini hödürlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýatnyň döwlet arhiwiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat döwlet arhiwiniň pudaklaýyn edaralar bilen işleşmek boýunça esasy arhiwçisi Arslan Taýmazow, muzeýiň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň her bir bendinde, her setirinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk köprüsiniň — parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň binýadyny berkitmek baradaky derwaýys pikirleriň öňe sürülýändigi dogrusynda bellediler.

Ýaşlar guramalarynda

Talyp joşguny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda mekdebiň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar edebi-sazly çykyş, degişme sahna, tans, aýdym aýtmak, halk döredijiliginden bir parça ýerine ýetirmek şertleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna «Hasyl», 2-nji orna «Ak altyn» topary mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmen-türk gatnaşyklary ösüşiň aýdyň ýolunda

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Ärdoganyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyza ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de türk­men hal­ky­na ro­waç­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şun­da Tür­ki­ýä­niň ýur­du­myz bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

«Man­çes­ter Si­ti» 7 oýundan soň ýeňiş gazandy

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da soň­ky 4 ýy­lyň çem­pio­ny «Man­çes­ter Si­ti­ni» 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Li­wer­pu­la» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 12-nji mi­nut­da Gak­po bi­len 78-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Sa­lah ge­çir­di. Bu «Li­wer­pu­lyň» soň­ky öza­ra 5 du­şu­şyk­da «Man­çes­ter Si­ti­ni» il­kin­ji ýeň­şi­dir. No­ýabr aýy­ny ýe­ňiş­siz ta­mam­la­nan «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry 7 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp bi­le­nok. Şeý­le-de, «Man­çes­ter Si­ti» 2008-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 4 oýun­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Gu­ar­dio­la­nyň tä­lim­çi­li­gin­de bol­sa şeý­le sta­tis­ti­ka il­kin­ji ge­zek bel­li­ge alyn­ýar. Tä­lim­çi­si­ni tä­ze­län «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» çem­pio­nat­da Amo­ri­miň ýol­baş­çy­ly­gyn­da il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, man­ku­ni­an­lar öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­ton­dan» Reş­for­dyň (2) hem-de Zirk­zee­niň (2) gol­la­ry esa­syn­da 4–0 üs­tün çyk­dy. Lon­don der­bi­sin­de-de «Ar­se­nal» myh­man­çy­

Çempionyň möwsümdäki 9-njy ýeňşi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 23-nji ýa­ry­şy Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 57 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da mun­dan öň­ki bäs­le­şik­de yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eden «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňi­ji bol­dy. Ol pel­le­ha­na 1 sa­gat 31 mi­nut 5,323 se­kunt­da gel­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 9-njy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 63-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­den 6,031 se­kunt yza ga­lan mo­na­ko­ly Şarl Lek­ler («Fer­ra­ri») 2-nji ýe­ri, 6,819 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri («McLa­ren») 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 1-nji ha­tar­dan bat alan «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell ýa­ry­şy 4-nji bo­lup ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

6-njy dekabr (anna) Inter – Parma (22:30)

32-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Fut­bol bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mil­li çem­pio­na­ty­nyň jem­leý­ji tap­gy­rynyň, ýagny 32-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Oý­na­lan 3 du­şu­şyk­da 13 gol ha­sa­ba al­nyp, 2 oýun­da ýer eýe­le­ri ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Çem­pi­on «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Merw» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol gi­riz­di. Çem­pi­on to­pa­ra no­bat­da­ky ge­zek uly ha­sap­ly ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 21-nji mi­nut­da Di­dar Dur­dy­ýew, 32-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Beg­my­rat Ba­ýow, 61-nji we 73-nji mi­nut­lar­da Şa­na­zar Tir­ki­şow hem-de 65-nji mi­nut­da Be­genç Ak­mäm­me­dow ge­çir­di.

Ga­ryn­ja­lar dynç alýarmy?

Jan­ly-jan­dar­la­ryň äh­li­si hem gi­je-gün­di­ziň bel­li bir wag­tyn­da dem-dynç al­ýar­. Em­ma gi­je­si­ne hem he­re­ket edip ýö­ren ga­ryn­ja­la­ry gö­re­niň­de: «Be, bu­lar ha­çan dynç alýarka?» di­ýen so­rag ýü­ze çyk­ýar. Dog­ru­dan hem, «Ga­ryn­ja ga­ra gün­de...» diý­li­şi ýa­ly, bu ki­çi­jik mö­jek­ler gi­je-gün­diz he­re­ket­de. Eý­sem, bu işeň­ňir jan­dar­lar ha­çan dynç alýarka?! Ga­ryn­ja­lar uly maş­ga­la bo­lup ýa­şap, edil­me­li iş­le­ri öz ara­la­ryn­da bö­lüş­ýär­ler. Ýag­ny her bir ga­ryn­ja­nyň öz we­si­pe­si bar. Et­me­li işi­ni bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bu jan­dar­la­r uk­la­mak üçin ses­siz we howp­suz ýe­re – hin­le­ri­ne gir­ýär­ler we bir-iki sa­gat dynç al­ýar­lar. Dynç al­ýan ga­ryn­ja­la­ryň et­me­li iş­le­ri­ni «do­gan­la­ry» ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Adat­ça, ga­ryn­ja­lar gi­je­si­ne köp­räk iş­läp, gün­di­zi­ne dynç al­ýar­lar. Esa­san hem, to­mus pas­lyn­da ga­ryn­ja­lar gün­di­zi­ne ýe­riň aşa­gyn­da­ky sal­kyn öýün­de dynç alyp, gi­je­si­ne işe baş­la­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar kä­te agaç­la­ryň ga­byk­la­ry­nyň ara­syn­da, ot-çö­püň ara­syn­da hem dynç al­ýar­lar. Ga­ry

Gyş uku­sy­na gid­ýän jan­dar­lar

Köp jan­dar üçin gyş­da ýe­ter­lik iý­mit tap­mak kyn bol­ýar. Şol se­bäp­den o­la­ryň kö­pü­si gy­şy­na uka gid­ýär­ler. Haý­wan­la­ryň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­mak we gyş­da ar­tyk­maç iý­mit­len­mez­den ýa­şa­mak üçin ýü­rek ur­şu­ny ha­ýal­lat­ma­gy­na «gyş uku­sy» di­ýil­ýär. Kä­bir jan­dar­lar gyş­la­ýan wag­tyn­da he­re­ke­ti­ni ha­ýal­lad­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri süý­ji uka gid­ýär­ler. Uk­la­ýan wag­tyn­da o­la­ryň be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy pe­sel­ýär we ýü­rek ur­şy ha­ýal­la­ýar. Şeý­le jan­dar­lar güý­zü­ne has köp iý­mit­le­nip, be­de­nin­de has köp ýag eme­le gel­ýär. Bu ýag jan­dar uzak wagt uka gi­de­nin­de be­de­ni üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýa­gyň iki gör­nü­şi bar - ada­ty ak ýag we go­ňur ýag. Go­ňur ýa­gy bo­lan haý­wa­nyň beý­ni­siniň, ýü­re­giniň we öý­ke­niniň işi örän pe­sel­ýär. Oýan­ma­gyň wag­ty ge­len­de, bu sy­na­la­ry gaý­ta­dan ka­da­ly ýag­daý­da iş­läp baş­la­ýar. Gem­ri­ji­ler, kir­pi, aýy, pyş­ba­ga, ýar­ga­nat, gur­ba­ga ýa­ly jan­dar­lar çuň uka gid­ýär­ler. Süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­lar we hat­da k