Ýaşlar guramalarynda

6 Dekabr 2024
246

Talyp joşguny

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda mekdebiň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar edebi-sazly çykyş, degişme sahna, tans, aýdym aýtmak, halk döredijiliginden bir parça ýerine ýetirmek şertleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna «Hasyl», 2-nji orna «Ak altyn» topary mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.