Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Dolandyryjylar geňeşi 59 ýaşly Masato Kandany Aziýa ösüş bankynyň 11-nji başlygy wezipesine saýlady. Masato Kanda 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda işe başlap, bu wezipäni 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryna çenli dowam etdirer. Ol häzirki wagtda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň we maliýe ministriniň ýörite geňeşçisidir.
«Masato Kandanyň halkara maliýe pudagyndaky uly tejribesi we köp ugurlarda subut edilen ýolbaşçylygy global ykdysady kynçylyklary çözmäge we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kömek eder» diýip, bankyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fabio Panetta aýtdy.