HABARLAR

Söhbetdeşlik geçirildi

Bitaraplyk — bagtyýarlygyň aýdymy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy

Bitaraplyk — şöhradymyz-şanymyz Her bir güni toýdur baýramlara şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda şonuň ýaly-da, biziň welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2025 Size 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris.

Alkyş aýdyp Arkadagly Serdara, toý toýlaýar bu gün Bitarap Watan!

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli TDP-niň welaýat komitetiniň guramagynda  «Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!» atly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, partiýa guramaçysy Ejebaý Akmedowa, Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri Kuwat Mämmedow, Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri Gurbannepes Täçmedow, Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, Mejlisiň deputaty Kakamämmet Nepesow, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni Selbi Hojakowa, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Çary Baýryýew dagy çykyş etdiler.

Öňdebaryjylar sylaglanyldylar

Türkmenabat şäherindäki «Aý-Gün» toý mekanynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap we şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň öňdebaryjy agzalary, welaýatymyzyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary, ýürek buýsançlary diňlenildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň ýol açýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy. Dabaranyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik özgertmeler syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlaryny, täze başlangyçlaryny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we etrap komitetleriniň partiýa hataryny ösdürmek, ony guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak, ilkinji partiýa guramalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen «Ýylyň göreldeli wagyzçysy», «

Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

7-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýanwar-noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň durnukly we netijeli işini gazanmakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Geçen anna güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan işgärleriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Tyllanur Ataýewa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» Dk-nyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gülruh Mollaýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň guýy geologiki barlaglarynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamak we interpretirlemek toparynyň başlygy Arslan Annamyradow dagy çykyş etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňäp

Rowaçlyga uzaýan röwşen ýol

Her bir günüň ösüş-özgerişlere beslenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp zamanamyzda Berkarar Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň uly ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Halkymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine merdana pederlerimizden miras galan mukaddes topragymyzyň şanly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine söýgi-hormat bilen garamaga, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuw eden berkarar döwletiniň Ýer ýüzündäki belent mertebesine buýsanjy hökmünde garaýar. Parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, dünýä halklary bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp amala aşyrýan asylly syýasatynyň esasy gymmatlyklarydyr. Watanymyzyň sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolmagy hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik abadançylygy berkitmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýäde gyzgyn goldaw tapýar. Munu

Aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ni taý­ýar­la­mak­da döw­re­bap şert­ler

Ýol­lar­da he­re­ket howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi il-gü­nüň aba­dan dur­mu­şy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Her ýyl «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» şy­ga­ry bi­len ýö­ri­te bi­raý­ly­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň asyl­ly dä­be öw­rül­me­gi hem bu ha­ky­ka­ty tas­syk­la­ýar. Aý­na ýa­ly te­kiz we aras­sa ýol­la­ry­myz­da he­re­ke­tiň howp­suz bol­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­niň üns­lü­li­gi­ne, jo­gap­kär­çi­li­gi­ duýuşyna, iň esa­sy­sy-da, taý­ýar­ly­gy­na bag­ly­dyr. Bi­z hem «Türk­menaw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň hu­kuk­çy­sy Pe­na ÖWE­ZOW bi­len aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň sü­rü­ji­le­ri­ni taý­ýar­la­mak we gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da söh­bet­deş bol­duk. — Söh­be­ti­mi­zi «Türk­men­aw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­rin­den baş­laý­sak?!

Baýramçylyk sowgady

Düýn — 9-njy dekabrda Gyzylarbat etrabyndaky Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze, üç gatly edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara buýsançly wakalaryň biri boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni — hemişelik Bitaraplygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllygynyň şanyna geçirilen çäreler bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň oba-şäherlerini gözel görnüşe getirmek, islendik ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini dünýä derejesine çykarmak barada edýän irginsiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan buýsançly ösüşler wasp edildi.