Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek üçin niýetlenen toplumynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy.
Asylly maksady esasy ugur edinýän bu çärä Hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.