HABARLAR

Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy – dün­ýä nus­ga­lyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy şöh­rat­ly iş­le­re, be­lent de­re­je­le­re bes­len­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen bag­ty­ýar hal­ky­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aja­ýyp wa­ka­la­ra, ösüş-öz­gert­me­le­re şa­ýat bol­ýar, her bir toý-baý­ra­my ag­zy­bir­lik­de giň­den bel­läp geç­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ry­lar. Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my – naý­ba­şy se­ne­le­riň bi­ri. Äh­li­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ yg­lan edil­di.

“Şäherleriň seresi sen - ak şäherim Aşgabat”

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar. Döwlet Baştutanymyz pederleriniň ýoluny tutup, döwlet başyna geçen gününden başlap, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek we onuň halkara abraýyny has-da belent derejelere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalaryny siňdirýär. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki sebitlerde gurulýan beýik-beýik binalar, depesi göge ýetýän minaralar pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň gaty alyslara uzaýandygyndan habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gün-günden pajarlap ösýän paýtagtymyz milli binagärlik sungatymyzyň iň soňky gazananlarynyň Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylmagyndan bütinleý diýen ýaly täze keşbe girdi. Nesillerimize ebedi mi

«Hakyda göwheri» — ýalkym saçýan gymmatlyk

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi, bagtyýar halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti», «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama — dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» atly bölümlere bölünmegi, olarda öňe sürülýän parasatly pikirleriň yzygiderlilikde beýan edilmegi, kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Düýn Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda öňdebaryjy oba hojalykçylara «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Biz hem şeýle şatlykly günde bu döwlet sylagyna eýe bolan ildeşlerimiziň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Öýleriň, toýlaryň ýaraşygy

«El hünäri — il gezer» diýen gyzyla gaplaýmaly setirleriň halk arasynda dilden-dile geçip, biziň şu günlerimize ýetip gelmeginde çuň many-mazmun bar. Çünki pederlerimizden dowamat-dowam bolup biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen el işleri öýlerimiziň, mukaddes ojaklarymyzyň törüni bezeýär. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda gyzyny durmuşa çykarýan her bir ene-ata täze dörejek maşgala üçin öý goşlaryny taýýarlaýar. Şol goşlaryň içinde jübüt-jübüt ýorgan-düşek hem ýassyklar bolmaly. Bu däp-dessur biziň häzirki döwrümizde täze röwşe beslenip, dowam edip gelýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy Ogulbaýram Begenjowa bu babatda adygan tikinçileriň biri. Ýakynda biz onuň bilen söhbetdeş bolmak üçin Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň başlygy Arzygül Nepesowa ýüz tutduk. Şonda ol:«Ogulbaýram gelnejäni etrapda tanamaýan az bolsa gerek. Onuň obada ýörgünli ady Ogulaman gelnejedir. Ol etrabymyzyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy. Onuň ellerinden çykan ýorgan-düşekler köp ýyllar geçse-de, suduryny üýtgetmän ulanýanlara hyzmat edip gelýär. Her bir işde hünäre söýgi, yhlas, ussatlyk gerek. Bu zenan bilen ýakyndan tanyşdyraýyn, edýän işleri barada özi gürrüň berse, has

Jana lezzet tagamlar

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz döwrüniň iň uzak ýaşly adamlary bolupdyrlar. Olar uzak ýaşamagyň syryny tebigatdan gözläpdirler. Şonuň üçin dermanlyk ot-çöplerden, miwelerden, dag çeşmeleriniň durnagözli dury suwundan, gök we bakja ekinlerinden peýdalanypdyrlar. Çünki biziň ýurdumyzyň özboluşly gözellige eýe bolan tebigaty, dermanlyk häsiýetli ösümlik dünýäsi ynsan saglygyna göniden-göni oňyn täsir edýändigi bilen tapawutlanýar. Dünýä aşhanasynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan gadymy halkymyzyň adam saglygyna peýdaly milli tagamlaryny taýýarlamakda has uly we baý tejribesi bar. Aýratyn-da, gyş paslynda tagam taýýarlamagyň inçe syrlaryny ele alan enelerimiz aýazly günlerde maşgala agzalarynyň ählisiniň sagdynlygyny isläp, olary gazaply sowukdan goramak maksady bilen, dürli naharlary bişiripdirler. Şolaryň ilkinjisi içi erik kakly we gyzyl burçly türkmen unaşydyr. Unaş tabaga guýlup, saçaga äberilen badyna heniz sowamanka, içine birki çemçe gatyk garypdyrlar. Bu burçuň öte ajylygyny peseldipdir we unaşyň aşgazanda ýeňil özleşmegine şert döredipdir.

Sahawata beslenen döwletli ýörelgeler

Türkmen halky sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine uly baha berip, bu ýörelgeleri nesilden-nesle geçirip gelen halk. Bu gün döwletimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli, sahawatly işleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde, şol sanda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde uly tagallalary edýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini görkezýär. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär, bu barada degişli mejlislerde giňişleýin habar berilýär. 7-nji dekabrda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagala

Täze kitap bilen tanyşdyryldy

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guraldy. Häkimligiň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň hem-de bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan dabarada, ilki bilen, welaýat häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow çykyş edip, ol ýere ýygnananlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlady. Häkim çykyşynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açýan täze kitabynyň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy mynasybetli halkymyza gymmatly sowgat bolandygy barada aýdyp, Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynyň sanynyň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi.

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Bilimiň, ylmyň we medeniýetiň özara baglanyşygynyň barha ösmegi XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolup öňe çykýar. Jemgyýetçilik ösüşiniň, ykdysady we durmuş ösüşleri boýunça taryhy tejribe döwleti ýokary derejelere çykarýan öňe okdurylmalaryň, ilki bilen, hut şu ulgamlara üns berilmeginden başlanýandygyny subut edýär. Ýokary ösen jemgyýeti kemala getirmekde döwrüň ruhuna gabat gelýän, milli gymmatlyklary dabaralandyrýan, taryhy maglumatlara salgylanyp, geljege gurulýan aýdyň ýollary bina etmekde ruhy ýörelgeleri şöhlelendirýän eserleriň aýratyn gymmaty bardyr. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanyndaky günlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy jemgyýetde uly seslenme döretdi. Bu kitap ähli halkymyz üçin Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň ýaşlara ahlak we watançylyk terbiýesini bermekde, olary milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemekde uly täsiriniň boljakdygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklary, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň, milli ýörelgeleriň ýaş nesli watanparaz, beýik ahlakly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bar.

Şöhratly taryhyň ýaňy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy biziň üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän täze kitap anyk maglumatlara baý bolup, onda şöhratly taryhymyzyň ýaňy bar, halkymyzyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary, medeniýeti, gadymy ýadygärlikleri barada giňden söhbet edilýär. Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy kitabyň many-mazmunyny, täsirliligini has-da artdyrýar.