Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz döwrüniň iň uzak ýaşly adamlary bolupdyrlar. Olar uzak ýaşamagyň syryny tebigatdan gözläpdirler. Şonuň üçin dermanlyk ot-çöplerden, miwelerden, dag çeşmeleriniň durnagözli dury suwundan, gök we bakja ekinlerinden peýdalanypdyrlar. Çünki biziň ýurdumyzyň özboluşly gözellige eýe bolan tebigaty, dermanlyk häsiýetli ösümlik dünýäsi ynsan saglygyna göniden-göni oňyn täsir edýändigi bilen tapawutlanýar.
Dünýä aşhanasynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan gadymy halkymyzyň adam saglygyna peýdaly milli tagamlaryny taýýarlamakda has uly we baý tejribesi bar. Aýratyn-da, gyş paslynda tagam taýýarlamagyň inçe syrlaryny ele alan enelerimiz aýazly günlerde maşgala agzalarynyň ählisiniň sagdynlygyny isläp, olary gazaply sowukdan goramak maksady bilen, dürli naharlary bişiripdirler. Şolaryň ilkinjisi içi erik kakly we gyzyl burçly türkmen unaşydyr. Unaş tabaga guýlup, saçaga äberilen badyna heniz sowamanka, içine birki çemçe gatyk garypdyrlar. Bu burçuň öte ajylygyny peseldipdir we unaşyň aşgazanda ýeňil özleşmegine şert döredipdir.