Öýleriň, toýlaryň ýaraşygy

10 Dekabr 2024
125

«El hünäri — il gezer» diýen gyzyla gaplaýmaly setirleriň halk arasynda dilden-dile geçip, biziň şu günlerimize ýetip gelmeginde çuň many-mazmun bar. Çünki pederlerimizden dowamat-dowam bolup biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen el işleri öýlerimiziň, mukaddes ojaklarymyzyň törüni bezeýär. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda gyzyny durmuşa çykarýan her bir ene-ata täze dörejek maşgala üçin öý goşlaryny taýýarlaýar. Şol goşlaryň içinde jübüt-jübüt ýorgan-düşek hem ýassyklar bolmaly. Bu däp-dessur biziň häzirki döwrümizde täze röwşe beslenip, dowam edip gelýär.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy Ogulbaýram Begenjowa bu babatda adygan tikinçileriň biri. Ýakynda biz onuň bilen söhbetdeş bolmak üçin Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň başlygy Arzygül Nepesowa ýüz tutduk. Şonda ol:«Ogulbaýram gelnejäni etrapda tanamaýan az bolsa gerek. Onuň obada ýörgünli ady Ogulaman gelnejedir. Ol etrabymyzyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy. Onuň ellerinden çykan ýorgan-düşekler köp ýyllar geçse-de, suduryny üýtgetmän ulanýanlara hyzmat edip gelýär. Her bir işde hünäre söýgi, yhlas, ussatlyk gerek. Bu zenan bilen ýakyndan tanyşdyraýyn, edýän işleri barada özi gürrüň berse, has gowy bolar» diýip, bize onuň salgysyny berdi.

Taýýarlan Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».