HABARLAR

Kanunçylyk ulgamynyň ösüşli ýoly

Hormatly Prezidentimiz döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge ýardam berýän hukuk namalaryny işläp düzmek, dünýä täzeliklerini we häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny nazara almak bilen, hukuk ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň möhümdigini nygtaýar. Şunda hukuk kadalarynyň, serişdeleriniň ýurdumyzyň ösmegine we täzeçillige hyzmat etmegi üçin kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine, hukugyň amala aşyrylyşyna, hereket edýän kadanamalary wagyz etmegiň, düşündirmegiň wajypdygyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda konstitusion ýörelgelere, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk taglymatyna esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alnyp, milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Deň hukuklar we mümkinçilikler ýörelgesini amala aşyrmak üçin kanunçylyk we guramaçylyk çäreleri geçirilýär. Adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady we medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň, raýatyň kanuny bähbitleriniň goralmagynyň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmak baradaky durmuş çelgili döwlet syýasaty ýurdumyzy durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmegiň hem-de türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmagyň wajyp ugry bolup durýar.

Öýüm ýyly — göwnüm ýyly

Birtekiz timarlanan gül-pudaklaryň gülpam keşbi, şaýollaryň iki gyrasyny jähekläp, elmydama ýaşyl öwsüp oturan syrdam daragtlaryň uzyn hatary şäheriň görküne görk goşýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň işçileri görkana şäheriň hemişe göze ýakymly, tämiz hem gözel bolmagy üçin ýagşy işleri alyp barýarlar. Baglaryň içini, ýol eteklerini, ýanýodalary, binalaryň, köp gatly jaýlaryň daş-töweregini arassalaýarlar, şäheriň owadan giňişligini abadanlaşdyryp, gül pürkülen ýaly edýärler. Birleşigiň düzümleri jemagat hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak, gündelik geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işçi-hünärmenleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemek, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen berjaý etmek üçin döredijilikli işlemegiň asylly nusgasyny görkezýärler.

Ýol görkeziji şamçyrag

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly ösüşlere beslenýär. Mähriban türkmen halkymyz bagtly durmuşda ýaşaýar. Ajaýyp zamanamyzda Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy başarýan kämil, watansöýüji nesli terbiýelemekde biziň — mugallymlaryň öňünde uly wezipe durýar. Adamzat jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesi bolsa çaga terbiýesiniň diýseň çylşyrymlydygyna şaýatlyk edýär. Bu mesele ata-eneden, terbiýeçiden, mugallymdan, tutuş jemgyýetden köp zähmet, wagt, ukyp talap edýär.

Berkarar Diýarymyzyň tutmlary rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, agzybir halkymyzyň tüýs ýürekden goldamagy netijesinde yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri hem-de talyplar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şöhratly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylyp, hormatly Prezidentimiziň dünýä halklaryny dostluga, abadançylyga, özara ynanyşmaga, hoşmeýilli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna çagyrýan döwlet syýasatynyň tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýyly hem ýurt berkararlygymyzy pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy berkitmek, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksadyna gönükdirilen tutumlaryň rowaçlyklara beslenýän ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň, şeýle

Synaglar kabul edildi

Golaýda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde kiçi serkerdeler düzümi bilen okuw-usulyýet ýygny guraldy. Ýygnyň dowamynda harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, dolandyryş bölüminiň serkerdesi, kapitan Amanmuhammet Hydyrow tarapyndan okuw dersleri meýilleşdirilip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalary, taktiki, aragatnaşyk, gumanitar, usulyýet taýýarlyklary boýunça sapaklar geçildi hem-de geljekki kiçi serkerdeler düzüminden synaglar kabul edilip, netijede üstünlikli synag tabşyranlara «kiçi seržant» harby atlary dakyldy. Synaglarda kiçi seržantlar Rejepmuhammet Gadyrow, Mekan Babaýew, Kerwen Arslanow, Babaröwşen Öwezdurdyýew, Nariman Nurmämmedow dagy has-da tapawutlandylar. Dinara MURADOWA, maýor.

Ýagşy adam ýatdan çykmaýar

Halal zähmet çekip, adamlara ýagşylyk etseň, il-gün seni hormatlaýar, sylaýar. Sary Näzmeňliýew hem şeýle adamlaryň hilindendi. Şahyr Sary Näzmeňliýew 1950-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda maldaryň maşgalasynda dünýä inýär. Sarynyň çagalygy kyn günde geçýär. On iki ýaşynda dädesi aradan çykyp, dört dogan ýetim galýar. Ejesi pahyr hem ene, hem ata ornunda durup, çagalaryny kemala getirýär. Sary obadaky orta mekdepde okaýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, onuň türkmen dili we edebiýaty fakultetini oňat bahalar bilen tamamlaýar. 1972-nji ýyldan 1976-njy ýyla çenli Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Ýaş zehinli hünärmen işi, adamkärçiligi bilen hormata mynasyp bolýar. 26 ýaşly ýigidi etrabyň medeniýet bölüminiň müdiri edip işe alýarlar. Soňra ol «Oktýabryň ýoly» etrap gazetiniň baş redaktorlygyna bellenilýär. Öňki soýuzyň žurnalistler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Sary 1984 — 1994-nji ýyllarda raýon sowetiniň deputaty bolup, jemgyýetçilik-syýasy işi hem alyp barýar. Ol Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigidi.

Watan ýürekden başlanýar

Kämil kanunlar — depginli ösüşiň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, Konstitusiýamyzdan ugur alnyp kabul edilýän kanunlary işläp taýýarlamakda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almak, kanunçylyk namalarynyň döwrüň ösen derejesi bilen özara sazlaşygyna uly üns bermek baradaky tabşyryklaryndan, maslahatlaryndan ugur alnyp, milli parlamentiň deputatlary tarapyndan ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar we kabul edilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi döwlet bilen raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegi

Jemgyýet we raýat gatnaşyklary rowaçlanýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda, raýat bilen jemgyýetiň, döwletiň özara baglanyşygyny üpjün etmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ähmiýeti örän uly. Syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan möhüm wakalara işjeň gatnaşyp, raýatlarymyzy döwür bilen aýakdaş gitmäge çagyrýarlar, olary ýokary zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, ata Watanymyzyň gazanýan ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny we milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri, döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary wagyz etmek, giň halk köpçüligine düşündirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Şeýle mazmunly çäreler wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler görnüşinde geçirilýär. Bu işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleri işjeň çekilýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik du

Ýaşlar – döwletimiziň güýç-kuwwaty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhunda, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmegini gazanmak, şeýlelikde ruhy, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz Diýarymyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini aýdyň görkezýär.