Şanly ýylyň wezipeleri
Täze — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyla gadam basan il-günümiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Geçen — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri berkitmäge gönükdirilen joşgunly zähmet täze ýylyň ilkinji günlerinden rowaç alýar. Ýaňy başlanan ýylda bolsa türkmen halkynyň öňünde möhüm wezipeler durup, olar Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleridir.