Berkarar Diýarymyzyň tutmlary rowaç bolsun!

13 Ýanwar 2021
1599

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, agzybir halkymyzyň tüýs ýürekden goldamagy netijesinde yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri hem-de talyplar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şöhratly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylyp, hormatly Prezidentimiziň dünýä halklaryny dostluga, abadançylyga, özara ynanyşmaga, hoşmeýilli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna çagyrýan döwlet syýasatynyň tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýyly hem ýurt berkararlygymyzy pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy berkitmek, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksadyna gönükdirilen tutumlaryň rowaçlyklara beslenýän ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň, şeýle-de halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen beýik tutumlary muňa doly şaýatlyk edýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň taryhy senesiniň giňden belleniljek ýylynda geçiriljek çäreleriň çuňňur mazmunynda şeýle buýsançly hakykatlar mynasyp beýanyny tapyp, ýurt berkararlygymyzy dabaralandyrmalydyr.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».