HABARLAR

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Eşretli durmuşyň höziri Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly düşümli, rysgal-bereketli ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, belent sepgitlere ýetdiler. Bugdaý, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän azyk, gök-bakja we miwe önümlerini hem-de senagat harytlaryny öndürmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary götermek üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda hem welaýat merkezi Mary şäherinde 4 gatly, 88 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurlup, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna sowgat edildi. Şunlukda, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly täze jaýda garşy aldylar.

Ýaşlar syýasaty: täze maksatnama — täze wezipeler

Hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji mejlisinde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Öňňin bu taryhy waka mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Biz hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň käbiriniň buýsançly gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy:

Mähir mukamly mekan

Alkyşly sözler beýan edildi

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi mynasybetli geçirilen maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, şäher-etrap Geňeşleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, işjeň agzalary, şeýle-de welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Ony welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady. Hoşallyk maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýew açyp, oňa gatnaşyjylary ajaýyp waka mynasybetli gutlady hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň w

Täzeçillige ymtylyş

Ak bugdaý etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi tarapyndan yglan edilen okuw-görkezme esbaplarynyň we döredijilik işleriniň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň esasy maksady täzeçillige ymtylýan öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Sergä işleriň onlarçasy hödürlendi. Etrapdaky çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, şeýle-de etrabyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň her birinde täzeçillik ruhy duýulýar. Munuň şeýledigine etrapdaky 44-nji orta mekdebiň eýwanynda guralan sergini synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar.

Bagtyýar çagalygyň joşguny

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ahally çagalaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Şeýle bolansoň olaryň käbiriniň köňül buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde merdana halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen we bütin dünýäde ykrar edilen milli gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Wepalylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, hüşgärligi bilen halkymyzyň durmuşynda uly orna eýe bolan türkmen alabaýy bu gymmatlyklaryň ajaýyp nusgasydyr. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlaryna häsiýetli aýratynlyklary açyp görkezýän ajaýyp eserdir. Bäş bölümden ybarat bolan kitabyň suratlar bilen bezelmegi, täsirli, gyzykly wakalar, rowaýatlar onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň ýiti zehininden we çuňňur paýhasyndan dörän bu eserde türkmen alabaýynyň irki döwürlerden bäri eldekileşdirilişinden başlap, onuň häzirki döwrümize çenli durmuşymyzdaky orny beýan edilýär. Kitabyň sahypalarynda ussat suratkeşleriň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden nakgaş eserleri her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Eserde adam bilen tebigatyň, janly-jandarlaryň sazlaşygy, alabaýyň mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri

Kanunçylyk binýady berkidilýär

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz okgunly ösýär. Halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlar ägirt uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegini gazanmak, onuň üçin amatly hukuk mümkinçiliklerini döretmek, administratiw taýdan has netijeli şertleri we kämil usullary dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak bu ugurda aýratyn ileri tutulýan ugurdyr. Muňa mysal hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar.  Bu Kanuna laýyklykda, administratiw edara diýlip, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslara düşünilýär. Administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işi administratiw önümçiligi düzýär.

Möhüm meselelere bagyşlandy

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň giň mejlisler zalynda köp adamly işjeň maslahat boldy. Möhüm meselelere bagyşlanan bu maslahatyň işine welaýatymyzyň medeniýet, sungat, teatr, kitaphana ulgamynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimleriniň şu ugra gözegçilik edýän orunbasarlary gatnaşdylar. Işjeň hem ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guramaçylykly geçen bu maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa giriş sözi bilen açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň nurana kalbyna deňelýän medeniýetimizi we sungatymyzy düýpli ösdürmek, ajaýyp nusgalyk kitaplaryny çuň öwrenmek we köpçülige wagyz etmek, «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip mynasyp atlandyrylan ýylymyzyň her bir gününi zähmet ýeňişleri bilen bezemek, halkymyzyň baş mukaddesligi bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň şu ýyl uly dabaralara beslenip belleniljek şöhratly 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli çözmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdi. Öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda amal etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip, A.Durdyýewa aýratyn nygtady.

Döwrümiziň zehin uçgunlary

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda bu günki gün bagtyýar körpeleriň şatlykly owazlary joşgunly ýaňlanýar. Ýurdumyzda ýaş oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýän zehinli nesiller ajaýyp döwrümizi buýsançly wakalara besleýärler. Her ýyl zehin ýyldyzjygy bolup şöhle saçýan şadyýan çagalaryň ençemesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşurylýar.