Täze ýylda täze bagt ýa-da bagtly bolmagyň 5 sany esasy şerti

8 Ýanwar 2021
1976

Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy «Bagtly bol!», «Alnyň, bagtyň açyk bolsun!» diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syry nämede?!

Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlardan başlap, ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň «Durmuşda bagtly bolmagyň 5 şerti» atly kitabyny ýazýar. Bu kitap durmuşyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde hem iň möhüm esaslaryny beýan edýär. Ol her bir adamyň şu aşakdaky 5 ýörelgäni berjaý eden halatynda özüne ebedi bagtly durmuşy gazanyp biljekdigine ynanýar.

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».