Mähir mukamly mekan

11 Ýanwar 2021
2014

Parahatçylyk, agzybirlik, jebislik bilen birlikde, mähir-söýginiň, dost-doganlygyň mekany Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabadyň gözleri gamaşdyrýan lowurdyly, nurana keşbinden, onuň bu günki gözellik dünýäsinden ildeşlerimiz gana-gana lezzet alýarlar. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda, ylla, Erem bagy kimin, daş-töweregine nur paýlaýan merjen şäherimiz gijesi-gündizi, gyşy-tomsy gül kamaty, gözellik dünýäsi bilen ýüreklere ylham berýär. Aslynda, ähli pasylda goýny gök begresli, gül parçaly Aşgabadyň ynsan kalbyny heýjana salýan ajaýyp keşbi hemişe toý zynatyna beslenýär. Paýtagtymyz — ýaşamak üçin amatly, dynç almak üçin eşretli, ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher.

Tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler gurşap alan, ak şäherimiz Aşgabadyň gün-günden gözelleşmeginde, beslenýän her bir toý lybasynda birleşigimize degişli etrap bagçylyk şeýle hem arassaçylyk müdirliklerimiziň hünärmenleriniň yhlasyny hem döredijilikli zähmetini görmek biziň üçin buýsançlydyr. Güller içinde gülleýän, bag-bakjasy, tämiz howasy, rahat durmuşy bilen göwünleri galkyndyrýan paýtagtymyzy gurşap alýan gök zolaklarda öz işine ussat gülçülerimizdir bagbanlarymyzyň kämilligi, erjelligi bilen birlikde, olaryň zähmetiniň miwesi görünýär. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna we gözelleşmegine mynasyp goşant goşýan hünärmenlerimiz täze açylýan binalardyr desgalaryň daş-töweregini dürli agaç nahallarydyr güller bilen dessin bezemekde hem uly işleri alyp barýarlar. Baglara, güllere ýokary gözegçiligi üpjün edýän müdirliklerimizde güllerden, baglardan dürli görnüşli şekilleri döredýän ýörite toparlarymyz hem bar. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň toý meýdançalary her baýramçylykda al-elwan güllerden döredilen täsin nagyşly şekillere beslenýär.

Kümüş NAZAROWA,
Aşgabat şäher Arassalaýyş-abadanlaşdyryş birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.