HABARLAR

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär. Döredijilik bäsleşikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda gol çeken «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegini giňden şöhratlandyrmak maksady bilen guralýar.

Kitaby sesli okasaň...

Şahsy kämillik bilen bagly makalalaryň belli bir bölegi «çalt okamak» diýlen düşünjäniň ähmiýetine syrygýar. Dogry, çalt okamak endiklerini özleşdirmek bize kän zady gazandyryp biler. Ýöne çalt okalmaly kitaplar bilen haýal okalmalylaryň arasynda tapawut bar. Mysal üçin, çeper eserleri çalt okanymyzyň, başgaça aýtsak, setirleriň arasyna göz gezdirenimiziň uly bir zyýany hem ýok. Şeýdip hem eseriň mazmun yzygiderliligine düşünip bileris. Ýöne synaglara taýýarlanylanda, öýe berlen ýumuşlar ýerine ýetirilende ýa-da haýsydyr bir ders bilen bagly täze maglumatlar öwrenilende, mümkin boldugyndan, howlukman okamak maslahat berilýär. Onda-da sesli okamak. Eger ýokarda aýdylanlar bilen bir otagda ýeke özüňiz meşgullanýan bolsaňyz, kitaby sesli okaň! Özi-de howlukman okasaňyz has gowy. Dogry, siz ertire çenli birnäçe sahypany okap, özleşdirmeli bolup bilersiňiz. Ýöne şonça sahypalyk maglumata çeper eser okanymyzdaky ýaly ýüzleý göz gezdirip çykmak bilen, sesli hem haýal okamagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Desgalary nurly mekan

Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň aglabasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna, Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga berler. Munuň özi paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda has-da ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan ençeme wezipeleriň hem üstünlikli çözgüdini şertlendirer. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen gözel paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, onda-da ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyzlyk», «Arçabil», «10 ýyl Abadançylyk», «Çandybil», Atamyrat Nyýazow, Türkmenbaşy şaýollary, «Galkynyş», Görogly, N.Andalyp, Magtymguly, Taslama köçeleri, olaryň ugurlaryna bezeg berip oturan ýaşaý

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde wakalara baý bolar. Hepdäniň başynda güýç toplaň. Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin adaty ýagdaýda geçer. Jemgyýetde belli bir derejä ýetmek üçin köp yhlas etmeli bolarsyňyz. Diňe sabyrly bolmagyňyz gerek. Maddy-üpjünçilik babatda bolsa hamallar alan karzlaryny üzmäge çalyşmaly. Hepdäniň ahyrynda iş-aladalaryňyz artar.

Okuw maslahaty geçirildi

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletiň hem halkyň ykbalyna uly täsirini ýetirjek wakalaryň biri 28-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Ýylyň başynda badalga alan saýlaw möwsümi häzirki wagtda guramaçylyk hem taýýarlyk işlerine ulaşýar. Bu işler welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu mynasybetli golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, hususan-da, täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek bu syýasy çäräniň özboluşlylygyny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak maksadynda geçirilen maslahata Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili, welaýat halk maslahatynyň agzalary, şäherdir etrap halk maslahatlarynyň başlyklary we orunbasarlary, welaýat saýlaw toparynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýew, welaýat saýlaw toparynyň başlygy Agam

Täze üstünliklere ruhlandyryjy ýörelge

Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň, wekilhananyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny giňden dabaralandyrmaga bagyşlanan maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa açdy we gün tertibinde seredilmeli mesele boýunça çykyş etdi. A.Durdyýewa çykyşynda dünýä derejesinde  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara beslenen üstümizdäki ýylyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň parahatçylyk söýüjilik, belent adamkärçilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan wakalara baý boljakdygyny uly buýsanç bilen belledi. Ony ýylyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan beýik hem taryhy tutumlarynyň mysallary bilen hem delillendirip bolýandygy barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, şeýle asylly işlere mynasyp hem önjeýli goşant goşmakda öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdi.

Beýik özgertmeleriň ýolunda

Asuda asmanyň astynda, bereketli topragynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, gözelleşýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlerde gazanylan guwandyryjy zähmet üstünliklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda olar eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy, demokratik, hukuk, dünýewi, raýat jemgyýeti gurmagy maksat edinýän möhüm syýasy gurama bolup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyny özüniň baş ýörelgesi edinýär.

Administratiw iş ýöredişiň hukuk binýady

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda adyl kazyýetligiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, kazyýet önümçiliginiň kämilleşdirilmegi ugrunda düýpli özgerişlikler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolan Esasy Kanunymyzdan başlap milli kanunçylygymyzyň ýörelgeleýin kadalary adalatyň berkarar bolmagynyň, milli demokratiýanyň dünýä ýüzüne ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgeleridir kadalaryny kesgitleýär. Şeýle hem bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyklykda «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Administratiw iş ýörediş, öz gez

Arkadagyň kitaby — kalplaryň gymmatlygy

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çuňňur mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Halkymyzyň milli ýörelgelerine, asylly däp-dessurlaryna bagyşlanan bu kitap ata Watanymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhy tejribesiniň döwrebap usulda baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Türgenlerden üstünliklere garaşylýar

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, ol ýerde şu ýyl geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen türgenleriniň bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen birnäçe tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler welaýatymyzdaky bilim edaralarynda we sport mekdeplerinde dürli maslahatlardyr çäreleri, türgenler we tälimçiler bilen duşuşyklary guramaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan guralan bu duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyny gazanmakda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmakda sportuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de welaýatymyzdaky stad