HABARLAR

Ýurdumyzyň baş ýörelgesi

Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady we medeni-durmuş ulgamynda uly ösüşler gazanylmak bilen birlikde, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini kepillendirmeklige gönükdirilen milli kanunçylyk ulgamy hem barha kämilleşdirilýär. Çünki biziň döwletimiziň milli kanunçylygynyň baş maksady halkyň abadançylygyny üpjün etmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynyň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek boldy. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly çykyşynda döwletimiziň birnäçe ugurlary bilen bagly kanunlaryny has-da kämilleşdirmek we olara halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, milli kanunçylyk binýadymyzyň mundan beýläk-de has-da ynsanperwerleşmegine giň ýol açmak barada aýdan bellikleri, görkezmeleri, döwrebap täze kanunlary kabul etmek, käbir kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini öňküden-de gowulandyrmak bilen bagly aýdanlary «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalary boldy.

Nesil terbiýesinde gymmatly gollanma

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde ähmiýeti uludyr. Eserde ata-babalarymyzyň baý taryhy mirasy hakynda giňişleýin düşünje berilýär hem-de ol milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde  gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitapda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ýurduňa bolan hormat, halkyňa wepalylyk, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Okuw sapaklarynda, şeýle hem synp sagatlarynda kitapdaky öňe sürülýän pikirleri okuwçylara ýetirýäris, rowaýatlary, tymsallary gürrüň berip, olar boýunça sorag-jogap alyşýarys.

Hemmämiz üçin möhüm mesele

Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny goramak döwlet derejesindäki möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň öňünde-de uly wezipeler, şonuň bilen birlikde, biziň hemmämiziň deň derejede üns bermeli meselämiz — çagalaryň ot bilen oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar. Hawa, ýangynyň döremeginiň köp sanly sebäpleriniň biri çagalaryň ot bilen oýnamaklarydyr. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga getirýändigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemelidir. Bu işe ata-eneler, uly ýaşly adamlar gatnaşmalydyrlar. Bu iş möhüm durmuş zerurlygydyr. Çünki bu ýerde gürrüň çagalaryň saglygy we ömrüniň howpsuzlygy barada barýar.

Il alkyşyny alan lukmandy

Etrek şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda merdemsi başyny belent tutup oturan bir adamyň heýkeli bar. Ol hemmeler üçin mähriban, meniň üçin bolsa aýratyn bir eziz adam. Sebäbi onuň bilen ýetginjeklik ýyllarymyzdan bäri ýygy aragatnaşykda boldum. Ýolda ýoldaş bolup, köp gezek bir saçakdan duz-nan iýdik. Has takygyny aýtsam, Etregiň arassa howasyndan dem alyp, ene topragymyzyň üstünde kän bile gezdik. Golaýda heýkeli oturdylan şol adamyň — eli ýeňil lukman bolup, uly iliň alkyşyny alan Gulluk Garryjaýewiň ýaşan öýüniň gapdalyndan geçip barýarkam, kalbymy bir pikir gaplap aldy. «Onuň adamlara eden hyzmatyny häzirki nesillere ýetirsem, sogap iş etdigim bolar, merhumyňam ruhy şat bolup, tirsegine galar» diýen niýet bilen çaklaňrak bir makala ýazmaklygy ýüregime düwdüm. Öýe dolanyp gelenimde, radiokomitetde habarçy bolup işlän döwrümdäki ýandepderçämi agtaryp başladym. Eli ýeňil lukman baradaky maglumatlaryň üstünden bardym. Ony birlaý gözden geçirenimden soňra, köp oýlanyp oturdym. Sebäbi lukmanyň zähmet we durmuş ýoluny köpçülige many-mazmuny bilen ýetirmekligiň ýeňil düşmejegini bilýärdim. Her niçik bolsa-da, onuň bilen bolan ownukly-irili wakalary akyl eleginden geçirdim. Onsoň onuň adamkärçilikli häsiýetine mahsus bolan bir waka ýadyma düşdi.

Geçmişiň ertä dowamy

Bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär” diýip belläp geçýär. Halkymyz bedew aty buýsanjy, guwanjy hem şöhraty hasaplaýar. Halk döredijiliginde ýa-da söz ussatlarynyň eserlerinde bedew atyň tarypy belentden ýetirilýär. «Görogly» şadessanyny alanymyzda, atyň keşbi eseriň bütin dowamynda mährem ýoldaş, syrdaş hem dost hökmünde ör-boýuna galýar. Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleri, alymlarydyr taryhçylary türkmen bedewiniň häsiýetli aýratynlyklary, owadanlygy barada öz ýazgylaryny bize miras galdyrypdyrlar. Gerodot Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini wasp eden bolsa, Aleksandr Makedonlynyň ýanyndaky serkerdeler bu ýerde ýetişdirilýän atlary «Daň şapagyna» meňzedipdirler. Sebäbi türkmen bedewleri ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, çydamlylygy we güýç-kuwwaty bilen haýran galdyrypdyr. Yhlasly seýislerimiz halk seçgiçiligi esasynda bu saýlama tohumy nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli ýetiripdirler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezi

Arassaçylygyň ak şäheri

Şu günler bahar paslynyň köňülleri jadylaýjy älemgoşar öwüşginlerine beslenýän ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan köpçülikleýin arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag we gül ekmek işleri netijesinde edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň töwerek-daşy tämizlenip, barha läle-reýhan görnüşe eýe bolýar. Ekologiýany şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugruna öwren milli Liderimiz paýtagtymyza ýygy-ýygydan guraýan iş saparlarynda arassaçylyk, ekologiýa ýagdaýy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. «Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertleridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň dana sözlerinden ruhlanýan paýtagtymyzdaky orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw binalarynyň töwereklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri giň gerime eýe bolýar.

Gün şuglaly Aşgabat

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýüregi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Türkmenistanyň at gazanan arhitektory döwrüň beýik binagäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýäniň iň owadan, bagtyýar ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryň jemlenen ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Bu günki günde merjen şäherimiz myhman bolan her bir adamyň ýüreginde ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabat — parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, söýginiň we bagtyň şäheri. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzda çuňňur begenç we buýsanç duýgularyny döretdi. Şol seneden bäri, ýagny her ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilip geçilýär.

Kanunçylyk binýady berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň rüstemligini, jemgyýetiň iň belent gazananlary hökmünde raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny öz ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarydygyny yglan etdi. Adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň doly üpjün edilmegi jemgyýetiň ösüşiniň, agzybirliginiň, rahat durmuşynyň berkararlygynyň güwäsidir. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegimize gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde milli kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, dünýä tejribelerini içgin öwrenip, kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň täze taryhyna uzak geljegi nazarlaýan taryhy ähmiýetli waka bolup girdi.

Hasabat-saýlaw ýygnagy

Golaýda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň mejlisler eýwanynda TKA-nyň Milli merkeziniň kararyna laýyklykda, KA-nyň ilkinji guramasynyň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Onda geçen hasabat döwürde guramanyň işjeň agzalarynyň alyp baran işlerine seljerme berildi. Ýygnagyň dowamynda ýörite tassyklanan iş meýilnama esasynda göz öňünde tutulan çäreler, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ugurlaryny, döwrüň gazananlaryny, gündelik durmuşymyzy bezeýän taryhy wakalaryň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny, many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek we düşündirmek babatda alnyp barlan işler barada mysallar arkaly delillendirip gürrüňler edildi, guramaçylyk meselesine seredildi.

Ýaşlar işjeň gatnaşdylar

Şäherlerimiziň, obalarymyzyň gözelligini artdyrmak maksady bilen, welaýatymyzda yglan edilen arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň iki aýlygynyň çäklerinde geçirilýän çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň Daşoguz şäheriniň günbatar künjegindäki medeni-dynç alyş seýilgähiniň çäklerinde geçiren arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri hem ruhubelentlige beslendi. Geňeşiň jogapkär işgärleri, hünärmenleri, ilkinji guramalarynyň, meýletinçiler toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler. Şeýle işleriň barşynda bu ýerde ösüp oturan agaçlaryň töwerekleri arassalanyldy, düýpleri ýumşadylyp, sütünleri agardyldy. Şonuň ýaly-da, ýaş nahallara ideg işleri ýerine ýetirildi. — Biziň welaýat, etrap ýaşlar guramalarymyzyň agzalary her hepdäniň şenbe günleri geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çärelerine yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Bu gün hem olaryň bir topary şu ýerde göreldeli zähmet çekdiler. Munuň özi ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda amala aşyrýan işlerine goşantlarydyr. Nesip bolsa, biz bu babatdaky işjeňligimizi has-da artdyryp, sogaply işleri agzybirlik bile