HABARLAR

Rowaçlyga rowan ýollar

Awtoulaglar we ýol hereketi. Biri-birinden aýryp bolmaýan bu düşünjeleriň arasynda iş ýüzünde sazlaşygy gazanmak uly tagallalary talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm meseläni gün tertibinde saklamak bilen, degişli gulluklaryň öňünde anyk we jogapkärli wezipeleri goýýar. Bizde bu ugurdan alnyp barylýan işlere toplumlaýyn häsiýet berilýär. Oňa welaýat merkezimizde ýaýbaňlandyrylýan köptaraply çäreler aýdyň mysal bolup biler. Soňky ýyllarda şäherimiziň köçeleriniň durky täzelenilip, olaryň hereket üçin has sazlaşykly bolmagy üpjün edildi. Şeýle işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ýol gurluşykçylar şu günler «Lebap» söwda we dynç alyş merkezine barýan Alty Garlyýew köçesiniň durkuny täzelemek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň kaşaň binasy gurulýar. Ýerine ýetirilýän işler şäherimiziň iň gözel ýerleriniň birine öwrülýän bu künjege eltýän köçäniň awtoulaglaryň gatnawy we pyýadalaryň hereketi üçin amatly bolmagyna uly ýardam berer. Şunuň ýaly durkuny täzeleýiş we abatlaýyş işleri beýleki ýerlerde hem berjaý edilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ündew edildi Golaýda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň guramagynda “Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan okuw mekdebinde geçirilen çärä mährem eneler we mekdebiň mugallymlary, talyp gyz-gelinler gatnaşdylar.

Orazaňyz kabul bolsun!

Ýagşy dilegleriň aýy Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 30 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ähli türkmeniň ykbalyna, bagtyna, ruhy dünýäsine nur çaýdy. Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, gadymy däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, milliligimiz gaýtadan dikeldildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ýol-ýörelgeler has-da döwrebap öwüşginlere eýe boldy. Şolaryň biri hem oraza tutmak, agyz beklemekdir.

Asudalygyň goragynda

Wezipämiz — halkymyzyň abadanlygy Bagtyýarlyk zamanamyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda il-günümiziň rahatlygy we abadanlygy içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin derwaýys wezipeligine galýar. Sebäbi, halkymyzyň asuda, rahat durmuşynyň üpjün edilmegi halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň kepili bolup hyzmat edýär. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz bu wajyp wezipeleri öňde goýup, olaryň ýerine ýetirilmegine berk talap bildirýär.

Durmuş üpjünçiligi pugtalandyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň alamatyna öwrülen durmuş syýasaty adamyň bähbitlerine, hak-hukuklaryna sarpa goýýar, onuň döwrebap we mynasyp ýaşaýşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary ähli ugurlarda özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pensiýa we döwlet kömek pullary ulgamyndaky özgertmeler ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň biridir. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, özüniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda adam deňhukuklylygynyň we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegi ýaly ýörelgelere eýerýär. Döwletimiz jemgyýetiň gazanan maddy gymmatlyklaryny, baý tebigy mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine ulanmaga, ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirýär. Şol sanda durmuş üpjünçiliginiň subýektleri hökmünde ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şeýle-de olar babatynda kanunçylygy berjaý etmek we kämilleşdirmek wezipesi hem döwlet

Anyk wezipeler kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy aprelde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek maksady bilen, welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahata welaýat, etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri hem-de beýleki dahylly adamlar gatnaşdylar. Maslahaty welaýat häkimi Ý.Gurbanow açyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi, öňde duran wezipeleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýetip gelýän galla oragyna, pagta ýygymyna gowy taýýarlyk görmek, gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak, owlak-guzy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek, şeýle-de Prezident maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, Bitaraply

Usuly maslahat geçirildi

Şu günler Kaka etrabynyň çägindäki edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» atly usuly maslahatlar geçirilýär. Şeýle usuly maslahat Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşinde hem geçirilip, ýokary işjeňlige eýe boldy. Etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bolan usuly maslahata bilim-terbiýeçilik edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary gatnaşdy. Usuly maslahatda ýurdumyzda ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmekleri, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary ugrunda döredilen ajaýyp mümkinçilikler barada söhbet açylyp, zähmeti goramak boýunça kadalarydyr düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Onuň barşynda sanitariýa-arassaçylyk, howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak babatda aýdylanlar dykgat bilen diňlendi.

Ruhy gymmatlyklar — döwletli ýörelgeler

Milli aňyýetimizde däp-dessurlara, medeni we ruhy gymmatlyklara bolan mukaddes gatnaşyk kämillik bilen saklanyp gelinýär. Türkmen halky milli däp-dessurlarynda, durmuş ýörelgesidir sungatda, medeniýetde diňe kämil zatlary nesillere geçirýär. Milli aňyýeti baýlaşdyrýan kämil ruhy gymmatlyklar bilen nesiller terbiýelenýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, halkyň ruhuny baýlaşdyrmak, jemgyýete kämil ugurlary ornaşdyrmak, düşünjäni ösdürmek, öwrenmek ukyplylygyny artdyrmak, ýaş nesli beýik maksatlara gönükdirmek bolsa, milli Liderimiziň baş maksatlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz müňlerçe ýyllyk taryhy we däpleri bolan baý milli mirasymyza täze röwüş berdi, ruhy gymmatlyklarymyzy täzeden galkyndyrdy. Oraza aýynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýär. Yslam dünýäsinde uly orun eýeleýän Oraza aýy bilen bagly ýörelgeler Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynam-ygtykady, sahawaty, terbiýäni, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar.

Oraza — aýlaryň serweri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzda Oraza aýynyň uly söýgi, şatlyk bilen garşylanmagy hem şaýatlyk edýär. Halkymyz Oraza aýyna sahawatyňdyr kanagatyň, halallygyňdyr haýyrly tutumlaryň aýy hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sahawatly, päk wyždanly bolmak, halal we arassa ýaşamak asyrlaryň dowamynda kalby hem ruhy tämiz halkymyzyň milli häsiýetleriniň esasy aýratynlyklarydyr. Ahlak tämizligine, rehim-şepagatlylyga we ynsanperwerlige beslenýän Oraza aýynda halkymyzyň süňňüne guýlan bu ebedi milli häsiýetler has aýdyň ýüze çykýar we halklary ýakynlaşdyrýan, doganlaşdyrýan ajaýyp gymmatlyklara öwrülýär.

Edebim — mertebäm

Şeýle at bilen Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdy. Duşuşygy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary N.Hojaýewa açyp, ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny we türkmen zenanyny bezeýän gözel ahlak sypatlar dogrusynda gürrüň etdi hem-de gelin-gyzlaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp şertlerde zähmet çekmegi, bilim almagy, döretmegi ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.