Bagtyýar çagalaryň Diýary

9 Aprel 2021
863

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz taryha altyn harplar bilen ýazyljak möhüm wakalara beslenýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisi hem aýdyň güwä geçýär. Onda ýurt Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Munuň özi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly Watanymyzyň bagtyýar çagalaryň Diýarydygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.

Milli Liderimiziň Karary bilen ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi döwletliligiň we ynsanperwerligiň alamatydyr. Bu ýörelgeler bolsa türkmen halkynyň ata-baba dowam edip gelýän özboluşly gymmatlyklarydyr. Halkymyz irki döwürlerden bäri ejizi goldamagy we mätäje hemaýat etmegi ynsanperwerligiň beýik nusgasy hasaplaýar. Munuň özi şöhratly we ynsanperwer türkmen halkynyň bütin adamzat üçin nusga alarlyk baý taryhy durmuş tejribesini hakykat ýüzünde doly aýan edýär.

Kerim TÖRÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar