Çagalaryň döredijiliginde parahatçylygyň waspy

9 Aprel 2021
875

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýetilen belent derejeleri, ösüşleri giňden beýan edýän çäreleri ýaýbaňlandyrmak hem-de çagalaryň oňa gatnaşygyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmäge, bagtyýar çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny açyp görkezmäge ýardam etdi.

Bäsleşige ýaş nesiller döredijilik pikirlerini, ukybyny, zehinini, çeperçilik ussatlygyny görkezmek üçin üç şert boýunça işlerini hödürläp, olaryň döreden eserleri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda giň orun aldy. Çeperçilik bilen ýerine ýetirilen işlerde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrümizde döwletimiziň ösüşi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri, beýik özgertmeler, ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmatlyklary, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi, üstümizdäki ýylyň şygaryna laýyk dabaralandyrylyşy giň beýanyny tapdy.

Beýleki habarlar