HABARLAR

«Biz-ä sizi baý gördük...»

Şeýle sözleri öz içine alýan sanawaçlary aýdyp, gapyma-gapy aýlanyp ýören ýaremezançylar siziň öýüňize-de gelendir. Eline tutduran sowgat-süýjülikleriňizi alybam, goňşularyňyza okdurylandyrlar. Hawa, tämiz kalply çagalar, aslynda, päkligiň, Haka ýakynlygyň aýynyň — Orazanyň buşlukçysy! Ynha, bu gün biziň ýurdumyzda hem mukaddes Oraza aýy başlandy.

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

Oraza aýy geldi. Ruhy kämilligiň, özüňi taplamagyň aýy geldi. Musulmançylykda oňa haýryň, ynsanperwerligiň, sahawatyň has-da rowaçlanýan aýy hökmünde hem aýratyn ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Aýyň ýagşysy» diýen şygrynda: Ýigrimi dört sagat on iki aýda,Remezan diýerler aýyň ýagşysyn —

Nesil terbiýesi — esasy mesele

Belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary esasynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär.  Merdana halkymyz ähli döwürlerde hem ýaş nesli terbiýelemeklige uly ähmiýet berip gelipdir. Halkymyzda agzybirlik, adamkärçilik, adamlaryň ýaşyna garamazdan, birek-birege sylag-hormat goýmak ýaly däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçip gelýändigi hemmä mälimdir. Çaganyň ýokary ahlakly bolup ýetişmeginde edep-terbiýäniň ähmiýeti örän uly bolup, ol ene süýdi ýaly halal bolmalydyr. Häzirki wagtda geljegimiz bolan çagalara berilýän bilim-terbiýäniň derejesini ösen döwrüň talaplaryna ýetirmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynda aňly-bilimli, ýokary taýýarlykly ýaş nesli kemala getirmek esasy meseledir.

Çagalykdan başlanýan ömür

«Adyň arşda Arkadagly Aşgabat» atly makalalar toplumyndan Bagtyýar çagalygyň, bagtdan didelerine nur çaýylan çagalaryň mesgeni hasaplanýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli gowy zatlar balalarymyzyň ygtyýarynda. Çünki özündäki ähli oňat häsiýetleri terbiýe ulgamy arkaly ogul-gyzlaryna geçirýän halkymyz perzentsöýerligi bilen taryhda uly şan-şöhrat goýupdyr. Özi iýmän iýdiren, geýmän perzendiniň egnine çolan, kirpigini kirpigine gatman, süýji hüwdüleri bilen ezizläp ýetişdiren balalaryna diňe bir öz öýüniň ýa-da obasynyň däl-de, eýsem, Watanyň ykbalyny ynanarlyk derejede mertebe menzilini bagyşlapdyr. Asly ygrar-ygtykatly, ugradan işiniň ugur almagyny, başlan ýolunyň dowamata sapmagyny ýagşy niýetlere besleýän halkymyzyň edýän il bähbitli işleri oňa aýdyň mysal bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň görküne görk goşup, uzaklardan seleňläp görnende, durmuşyň dowamly hikmetiniň syryny sözläp duran «Älem» medeni-dynç alyş merkezi sözümiziň güwäsidir. Milli Liderimiziň çagasöýer kalbynyň aýdymyna, türkmeniň çog gyzyl halylarynyň öýdümine çalymdaş bu binanyň ady älemde bellidir. Sebäbi ol 2012-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Oraza geldi ilime

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda mukaddes Oraza aýy başlanýar Obamy ýa-da şäheriň köp gatly jaýlary, parhy ýok, eljagazlaryna kiçijek ýantorba alyp, çagalygyň hezilini görüp ýören balalaryň şaňňyja sesleri töwerekden eşidilip dur. Olar agzybir, asuda, milli däp-dessurlarydyr edim-gylymlaryny başyna täç eýleýän türkmen topragyna sahawatly Oraza aýynyň gelendigini buşlaýarlar. Çagalaryň:

Ýelpewaç

Bahar pasly aram howaly bolsa-da, indi yssy günler uzakda däl. Häzirki wagtda o diýen köp ulanylmaýan hem bolsa, howanyň yssy günlerinde ýelpewaç ulanýan adamlara gabat gelinýär. Eýsem, bu ýönekeýje enjam haçan peýda bolduka?! Ýelpewaç Gündogar we Uzak Gündogar ýurtlarynda has irki döwürlerden bäri bellidir. Onuň ilkinji görnüşleri palma we lotos agaçlarynyň ýapraklaryndan ýasalypdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Hytaýda II asyra degişli bolan ýelpewaçlaryň üstünden barlypdyr. Olaryň tutawajy agaçdan we perden ýasalypdyr. Ilkibaşda has uly bolan ýelpewaçlaryň soňlugy bilen has kiçi, ýanyňda göterilýänleri peýda bolupdyr. Kagyzdan we ýukajyk tagta bölejiklerinden ýasalan ýelpewaçlar giň halk köpçüligi tarapyndan ulanylypdyr.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynda ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de syýasy partiýalaryň işjeň agzalarynyň arasyndan iň mynasyp görlenler bu abraýly gurama wekil hökmünde saýlandylar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly edara hökmünde döredilmegi bilen, berkarar döwletimizde ilkinji gezek geçirilen bu saýlawlaryň tutuş ýurdumyzda we welaýatymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilendigini aýratyn bellemek bolar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen kämil milli ýörelgelerimize we halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda, demokratik şertlerde geçirilen bu saýlawlar ýurdumyzda adam hukuklary bilen baglanyşykly milli demokratiýamyzyň barha rowaçlyga beslenýändigini ýene bir ýola açyk-aýdyň subut etdi. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem-de milli Parlamentimiziň iki palataly kanun çykaryjy edara öwrülip, onuň Türkmenistanyň Milli Geňeşi,

Tebigat — biziň öýümiz

BÖTENDAGDA BAG EKILDIMälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagyň zerurdygy barada tabşyryklary beripdi. Şol tabşyryklardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikde guramagynda Bötendag belentliginde Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda başy başlanan tokaý zolagynda saýaly we pürli bag nahallaryny ekmek çäresi guramaçylykly geçirildi. Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli kafedralarynda ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda şular bilen bagly ylmy-barlag işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Häzirk

Üns beriň, bäsleşik!

PARAHATLYK MERKEZI AK ŞÄHERIM AŞGABAT Watanymyzyň ýüregi, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasy bilelikde welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Parahatlyk merkezi ak şäherim Aşgabat» atly türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgy ýazmak hem-de surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Zehinli nesiller döwrümiziň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyna, geljeginiň abadan bolmagyna gönükdirilýär. Gözel Diýarymyzyň nurana ertirleriniň hakyky eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary, olaryň döredijilik zehinlerini, özboluşly ukyplaryny ýüze çykarmak, kämilleşdirmek üçin Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr. Medeniýet halklary, döwletleri birleşdirýän ruhy güýçdür. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, medeni, taryhy we ruhy gymmatlyklary bir kökden gaýdýan türki halklaryň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek, parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dürli bäsleşikler, forumlar we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.