Giň dünýäniň geň habarlary

12 Aprel 2021
681

TÄSIN MUZEÝ

Şweýsariýanyň Le-Brassýu şäherinde täsin muzeý ýerleşýär. Onuň täsinligi diňe bir binagärlik çözgüdinde hem däl. Ol hem sagat muzeýi, hem ussahanadyr. Binanyň umumy meýdany 2373 inedördül metre deň bolup, tegelek görnüşi emele getirýär. Ol 108-e golaý aýna panelleri bilen örtülendir. Binanyň üçegi polatdan bolup, ýaşyl maýsalar bilen örtülendir. Onuň umumy görnüşi bu sebite mahsus bolan baýyrlyklardan ylhamlanyp döredilýär. Bina daşky görnüşi babatda sagat ýaýjyklaryny ýatladýar. Muzeý-ussahana «Atelier Audemars Piguet» sagat önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýär. Bu ýerde dünýäniň iri sagat sergileri yzygiderli guralýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar