«Remezan diýerler aýyň ýagşysyn»

12 Aprel 2021
1001

Musulman ymmatynyň ýylyň dowamynda garaşýan aýy — Oraza aýy hem ýetip geldi. Oňa: «Aýlaryň soltany» diýilýär. Sebäbi agyz beklenilýän bu aýda Allatagala bendelerine rehmetini köpeldýär we rysgallaryna bereket eçilýär. Oraza aýynda agyz beklemek yslam dininiň bäş parzynyň biridir. Bu barada Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde: «Kim ynanyp, sogabyny Allatagaladan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar» diýýär. Şonuň üçin hem bu aýda Hezreti Muhammet Pygamberimiziň parzlaryny berjaý edýän musulman ymmatlar daň atmazdan öň agyz bekläp, tä agşam gün ýaşýança iýmekden, içmekden saklanýarlar.

Agyz beklemegiň maksady ynsanyň ruhy we beden taýdan arassa hem-de sagdyn bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Hezreti Muhammet Pygamberimiziň hadyslarynda hem bu barada aýdylypdyr. «Eger ynsanlar Remezan aýynda beriljek sogaplary bilsediler, ýylyň hemme aýynyň Remezan bolmagyny islärdiler» diýen jümlede hem bu aýyň mukaddesdigi nygtalýar. Ýa-da: «Allatagala göklere we ýere gürlemäge rugsat bersedi, olar Remezan aýynda agyz beklän kişileriň jennetlikdigini buşlardylar» diýlen jümle hem agyz beklemegiň ynsan üçin uly sogapdygyny görkezýär.

Hezretguly ORAZNAZAROW,
Lebap welaýatynyň baş ymamy.
Beýleki habarlar