HABARLAR

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň pedagogik ähmiýeti

Gyş­da nä­hi­li iý­mit­len­me­li?

Gyş­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy, Gün şöh­le­si­niň ýet­mez­çi­li­gi, wi­ta­min­ler­dir mik­roe­le­ment­le­re baý önüm­le­riň ýe­ter­lik iýilmezligi ada­ma ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Adamyň im­mu­ni­te­ti gow­şap, iý­mit ar­ka­ly ka­lo­ri­ýa­nyň köp ka­bul edi­lip, az harç­la­n­ýan­dy­gy se­bäp­li, be­de­n ag­ral­ýar. Is­len­dik pa­syl­da bol­şy ýa­ly, gyş­da hem sag­dyn ýa­şa­mak üçin aý­ry-aý­ry düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek ze­rur­dyr. Gyşda iýmitiň kaloriýalylygy beýleki

Ýyl­lar üs­tün­lik­li gel­ýär

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, oňa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Ýan­gyç gor­la­ry­na baý ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek, ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra fo­rum­la­ryň mej­lis­le­rin­de de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy­ny en­çe­me ge­zek be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň do­ly gol­da­wy­na eýe bol­dy we olar 2008-nji he

Emeli adada aeroport gurulýar

Hy­taý­da eme­li ada­nyň üs­tün­de ho­wa men­zi­li gu­rul­ýar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 4 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak­dy­gy mä­lim edil­di. 2035-nji ýyl­da ulan­ma­ga be­ril­jek Dal­ýan Szinç­žou­wan at­ly hal­ka­ra ae­ro­por­tyň Gon­kon­gyň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Kan­saý hal­ka­ra ae­ro­port­la­ryn­dan uly bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Dal­ýan şä­he­rin­de gu­rul­ýan 20 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän bu ho­wa men­zi­li şä­he­riň ozal­ky hal­ka­ra ae­ro­por­ty­nyň or­nu­ny tu­tar. Ae­ro­port­da je­mi dört uçuş-go­nuş zo­la­gy hem-de umu­my meý­da­ny 900 müň ine­dör­dül met­re ýet­ýän ter­mi­nal­lar bo­lar. Ba­har ATA­ÝE­WA,

Has köp syýahatça garaşýar

Baý ta­ry­hy we te­bi­gy baý­lyk­la­ry bo­lan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy soň­ky ýyl­lar­da has köp sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­mek üçin dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di. Ýurt dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­le­ti­niň ra­ýat­la­ry üçin wi­za­syz sy­ýa­ha­ty ýo­la goý­dy. In­di bol­sa Hy­taý da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň üs­ta­şyr wi­za­la­ry­nyň möh­le­ti­ni 3 gün­den 10 gü­ne çy­kar­dy. Şeý­le­lik­de, sy­ýa­hat­çy­lar bu ýur­duň 24 şä­he­rin­de ge­ze­lenç edip bi­ler­ler. Pan­de­mi­ýa­nyň yz­da gal­ma­gy bi­len Hy­taý has köp sy­ýa­hat­çy­ny çek­me­gi mak­sat edin­ýär. Hy­ta­ýyň Mil­li mig­ra­si­ýa eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ýur­da ba­ran­la­ryň sa­ny 2014-nji ýyl­da­ky­dan bä­ri iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­tip­dir. Ak­mäm­met An­na­mu­ham­me­dow,

Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri

«The Econo­mist» žur­na­ly dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ýurt­la­ry­nyň bäş­li­gi­ni taý­ýar­la­dy. Sa­naw taý­ýar­la­nan­da, je­mi içer­ki önüm, bir­ža söw­da­la­ry, hüm­met­siz­len­me we beý­le­ki gör­ke­zi­ji­le­re ga­ral­dy. Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny Is­pa­ni­ýa eýe­le­ýär. Mag­lu­ma­ta gö­rä, hä­zir­ki wagt­da ýurt­da 2019-njy ýyl­da­ky­dan 1,8 mil­li­on has köp iş or­ny bar. Şu ýyl ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 3 gö­te­rim­den geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýur­da bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 90 mil­li­on­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ikin­ji orun­da Ir­lan­di­ýa, üçün­ji ýer­de Da­ni­ýa bar. Gre­si­ýa, Ita­li­ýa, Ko­lum­bi­ýa, Lit­wa, Şweý­sa­ri­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy de­giş­li­lik­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp­dir. Ta­wus AGA­JA­NO­WA,

Ilkinji gezek gäminiň daşyna çykdylar

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hy­taý ge­çen ýyl Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­syn­da öz­baş­dak kos­mos stan­si­ýa­ny gu­rup, ula­ny­şa gi­ri­zip­di. Şu ýy­lyň 30-njy okt­ýab­ryn­da «Shenz­hou-19» kos­mos gä­mi­si bi­len be­ke­de ba­ran hy­taý­ly kos­mo­nawt­lar il­kin­ji ge­zek gä­mi­niň da­şy­na çyk­dy­lar. Gä­mi­niň ýa-da be­ke­diň da­şy­na çyk­mak kos­mo­nawt­lar üçin iň çyl­şy­rym­ly işleriň bi­ri ha­sap­la­nyp, «kos­mos ýö­ri­şi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hy­taý­ly kos­mo­nawt­la­ryň «kos­mos ýö­ri­şi» 9 sa­gat do­wam et­di. Hy­ta­ýyň Adam­ly kos­mos in­že­ner­çi­li­gi eda­ra­sy (CMSA) Saý Sýuýç­že, Sun Lin­dun we Wan Ha­os­ze be­ket­dä­ki ro­bot go­luň kö­me­gi hem-de ýer­dä­ki kär­deş­le­ri­niň gol­da­wy bi­len bir­nä­çe çyl­şy­rym­ly işi ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Id­ris HA­JY­ÝEW,

Täze ada peýda boldy

Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­ri için­den geç­ýän ka­nal­lar ar­ka­ly her ýyl­da ýüz müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Ta­ry­hy şä­he­riň go­la­ýyn­da tä­ze bir ada peý­da bol­dy. As­lyn­da bu ada her ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­da peý­da bo­lup, soň­ra gaý­ta­dan ýit­ýär­di. 2020-nji ýyl­da aý­la­gy güýç­li tol­kun­lar­dan go­ra­mak üçin ben­diň gu­rul­ma­gy bi­len ada­jyk ýit­me­giň de­re­gi­ne ýu­waş-ýu­waş­dan ula­lyp, he­mi­şe­lik ada öw­rül­di. Bu bol­sa ýer­li ýa­şaý­jy­lar we myh­man­lar üçin de­ňiz ke­na­ryn­da ge­ze­lenç et­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Uzyn­ly­gy 250 metr, ini 10 metr tö­we­re­gi bo­lan ada­da eý­ýäm kä­bir ösüm­lik gö­ge­rip baş­lap­dyr. Bi­ler­men­ler bol­sa bu ösüm­lik­le­riň top­ra­gy ero­zi­ýa­dan go­rap, ada­ny ber­kid­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ogul­ja­han ÇER­KE­ZO­WA,

Täze çip bahasyny gymmatlatdy

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Go­og­le» tä­ze çi­pi­ni ta­nyş­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa bu çi­piň ha­sap­la­ýyş tiz­li­gi­niň kwant usu­ly­na ýa­kyn­la­şyp bil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şon­dan soň­ra bren­de eýe­çi­lik ed­ýän «Alp­ha­bet»-iň paý­na­ma­la­ry 6 gö­te­ri­me go­laý gym­mat­la­dy. «Go­og­le Quan­tum AI» kompaniýasynyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Hart­mut Ne­wen «Wil­low» at­ly bu çip ar­ka­ly öň­de­ba­ry­jy su­per komp­ýu­ter­le­riň 10 sep­til­li­on ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­jek iş­le­ri­ni san­ly­ja mi­nu­tyň do­wa­myn­da ta­mam­lap bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Me­ret­gül MÄM­MET­GEL­DI­ÝE­WA,