Baý taryhy we tebigy baýlyklary bolan Hytaý Halk Respublikasy soňky ýyllarda has köp syýahatçyny özüne çekmek üçin dürli taslamalary durmuşa geçirdi. Ýurt dünýäniň birnäçe döwletiniň raýatlary üçin wizasyz syýahaty ýola goýdy. Indi bolsa Hytaý daşary ýurtlularyň üstaşyr wizalarynyň möhletini 3 günden 10 güne çykardy. Şeýlelikde, syýahatçylar bu ýurduň 24 şäherinde gezelenç edip bilerler. Pandemiýanyň yzda galmagy bilen Hytaý has köp syýahatçyny çekmegi maksat edinýär. Hytaýyň Milli migrasiýa edarasynyň maglumatyna görä, şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurda baranlaryň sany 2014-nji ýyldakydan bäri iň ýokary derejä ýetipdir.
Akmämmet Annamuhammedow,