Italiýanyň Wenesiýa şäheri içinden geçýän kanallar arkaly her ýylda ýüz müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Taryhy şäheriň golaýynda täze bir ada peýda boldy. Aslynda bu ada her ýylyň tomus aýlarynda peýda bolup, soňra gaýtadan ýitýärdi. 2020-nji ýylda aýlagy güýçli tolkunlardan goramak üçin bendiň gurulmagy bilen adajyk ýitmegiň deregine ýuwaş-ýuwaşdan ulalyp, hemişelik ada öwrüldi. Bu bolsa ýerli ýaşaýjylar we myhmanlar üçin deňiz kenarynda gezelenç etmek üçin täze mümkinçilik döretdi. Uzynlygy 250 metr, ini 10 metr töweregi bolan adada eýýäm käbir ösümlik gögerip başlapdyr. Bilermenler bolsa bu ösümlikleriň topragy eroziýadan gorap, adany berkidýändigini belleýärler.
Oguljahan ÇERKEZOWA,