HABARLAR

Biraýlygyň çäklerinde möhüm işler alnyp barylýar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2015-nji ýylda başy başlanyp, her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýylyň-ýylyna öz netijeliligini görkezip gelýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi gönüden-göni ynsan saglygyny goramaga gönükdirilendir. Onuň düýp özeninde ynsan saglygyny goramak hakdaky alada durandyr. Bu alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ýol hereketiniň asudalygyny, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa biraýlygyň dowamyndaky meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda bu biraýlygyň çäklerinde talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — saglygymyzyň girewi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her ýyl geçirilmegi däbe

Watan söýgüsi ähli ýürekleri birleşdirýär

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.

Ata Watan — maksatlaryň myrady

Geçen şenbe güni, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahaty geçirildi. Ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçen bu maslahata Birleşigiň işgärler düzümi, ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky şahsy hem-de köpçülikleýin agzalaryň, şeýle-de syýasy-jemgyýetçilik, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Umumytürkmen maslahatynda Birleşigiň işjeň wekilleri Hormat haty bilen sylaglandy. Biz bu maslahata gatnaşan watandaşlarymyzyň käbiriniň watançylyga ýugrulan ýürek sözüni okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik. Seýitmuhammet MUHAMMETSYDDYH, DTYB-yň şahsy agzasy, owganystanly türkmen, «Dostluk gatnaşyklary» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Demokratik ýörelgäniň belent nusgasy

Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär. Forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Düzgünleri berjaý etmek borjumyzdyr

Her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär. Turuwbaşdan bellesek, biraýlygyň çärelerini göwnejaý guramak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, ýokary, orta we umumybilim berýän mekdeplerde okaýan ýaşlaryň arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilýär.

Biraýlyga bagyşlanan bäsleşik

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň 6-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» diýen şygar astynda geçen bu bäsleşik «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy.

Görseň üzüm, düzüm-düzüm (Publisistika)

«Ir turan işinden dynar» diýleniň mysaly şu bolmaly. Gadymy Garadaşaýak obasynyň horazlary daňdan bolanyny buşlap ýetişmänkä, guýlan kenek ýaly ykjam göwreli, orta boýludan bugdaýreňk, tegelek ýüzli adam eýýäm demirýoluň ilersindäki üzümçiligiň içinde «gögerene» meňzäpdi. Hä-ä, eýýäm gapydaky baggoýunlara, sagylýan sygra, eýesini görenden käkeleşip ugran towuk-jüýjelere ot-suwuny beribem ýetişipdi. Eždatlaryň «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýen gadymy aýtgysy ekine hem degişli bolmaly. Gör-ä, joýasyna girersiň weli, daň çygyna hasam ýazylan ýaşyl ýapraklar, sen golaýlanyňdan terleniberýän hoşalar gözüň düşenden has agramlanyberýän ýaly. Öňki daýhanlar aýdyp gidipdir-ä: «Ekin eýesiniň eli degse, düýbünden göterilen ýaly boluberer» diýip. Her gezegem pederiniň pendini ýatlar: «Ekinçi bolma, çyn babadaýhan boljak bol. Onsoňam «Ýeriň azy eklär, malyň — köpi» diýleni gulagyňda bolsun. Bir gysym ýere yhlas et, on gulaç ýere barabar hasyl-hümmet eçiler. Bilgin, gadymy Büzmeýin üzümiň tüýs mesgenidir. Akşekerek, gara halyly, bidäne, gelinbarmak, düýegöz... garaz, diňe şu toprakda «hakyt däliräp bitýär» diýilýän görnüşleri bardyr. Başga ýerlerde-de göze doly üzüm bardyr, howasyna, topragyna, suwuna görä. Ýöne Büzmeýiniňki

Çigrek (Durmuş we biz)

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ÇAGA ÖZ ENE DILINDE GÜRLÄP BAŞLANDAN SOŇ DAŞARY ÝURT DILINI ÖWREDIP UGRAMAK EÝÝÄM GIÇ BOLÝAR

Bagtyýarlyk nury

Bagtyýar türkmen halky 27-nji sentýabrda Watanymyzyň baş baýramyny — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçer. Şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyza 33 ýyl bolýar. Taryh üçin uzak bolmadyk geçen döwrüň içinde ýurdumyz düýpgöter özgerip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Täze obalar, şäherçedir şäherler, döwrebap medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, köp sanly kaşaň ymaratlar... bularyň ählisi mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň eçilen miweleri. Milli ykdysadyýetimiziň beýik ösüşlerine, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine hem diýseň buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň guraljakdygy barada aýdylmagy bizi diýseň begendirdi. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere nazar aýlamakda bu serginiň ähmiýeti uly bolar.