Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde meýilnama laýyklykda, zähmet düzgün-tertibi berkitmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen, düşündiriş, öňüni alyş boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň direktorlarynyň orunbasarlary, işgärler bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary, şeýle-de kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýewiň alyp barmagynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy M.Jumaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi N.Halymow, Türkmenitanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew dagy degişli mowzuklar boýunça giňişleýin çykyş etdiler.