Täsirli geçen okuw maslahaty

16 Sentýabr 2024
296

Bütindünýä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan geçirilen okuw we amaly maslahaty ýokary guramaçylyga beslendi. Onda çykyş edenler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ilat arasynda köptaraplaýyn işleri alyp barýandygyny, esasy ugurlarynyň biriniň bolsa, ilkinji kömek bermegiň endiklerini öwretmek boýunça ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bolup durýandygyny bellediler. Soňra okuw we amaly maslahatyna gatnaşyjylar ýer titremede, suw joşanda, ýangynda, sil gelmede, awtoulag hadysasynda  adatdan daşary ýagdaýlar bilen tanyşdylar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň, lukmandan ozal ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny, ýüze çykan betbagtçylyk ýagdaýlarynda ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endiklerini, gan akmany duruzmak, ýarany daňmak we şuňa meňzeş ilkinji kömek berlişini tejribe arkaly öwrendiler. Okuw maslahatyna gatnaşanlaryň alan bilimlerini berkitmek boýunça geçirilen tejribeler, hünärmenleriň beren maslahatlary örän täsirli boldy.

Oguljennet Annageldiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».