HABARLAR

Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Polisiýa müdirligi, Balkanabat şäheriniň polisiýa bölümi bilen bilelikde şäherdäki 25-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda  «Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy» diýen at  bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.  Ýaşlaryň, çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek, olaryň bu ugurdaky düşünjelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çärede çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligiň ynsan saglygyny, ömrüniň rahatlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedigi barada gürrüň etdiler. «Ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini dürli usullardan, tärlerden peýdalanyp, çagalara öwretmegimiziň olaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde mynasyp orny bardyr» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary,  etrabyň polisiýa bölümi bilen   bilelikde welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Ýollarymyz asuda, illerimiz aman bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda guralýan wagyz-ündew işleriniň ýollarda howpsuz hereketi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi, awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmaklydyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta  berjaý etmelidikleri barada gürrüň etdiler.

Ýolyşyk — biziň dostumyz

Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdepde «Ýolyşyk — biziň dostumyz» ady bilen başlangyç synp mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli guralan bäsleşigiň esasy maksady ýaş nesliň ýol hereketiniň düzgün-kadalary boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan we bu babatdaky düşünjesini doly açyp görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşigi etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi, etrabyň bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurap, oňa etrabyň mekdeplerinden toparlar gatnaşdy. Gyzykly geçen bäsleşik ýol hereketiniň ýaş gözegçileriniň arasyndan iň başarjaň toparlary ýüze çykardy. Şeýlelikde, etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy.

Biraýlyga bagyşlanan duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde «Ýolumyz asuda — ilimiz abadan» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Gökdepe etrap Geňeşleri, beýleki jemgyýetçilik guramalary, Gökdepe etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilelikde gurady. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler, okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalaryny, ýoldan geçmegiň düzgünlerini giňişleýin düşündirdiler.

Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri

Kaka etrabyndaky 10-njy çagalar bagynda “Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri” atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşige etrapdaky çagalar baglaryndan mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpelerinden düzülen toparlar gatnaşdy. Aýdym-saz sungatyna höwesli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly çagalary ýüze çykarmak, olaryň milli mirasymyza söýgüsini artdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň naýbaşy toýuny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik örän täsirleri döretdi. Onuň şertlerine laýyklykda, körpeler gözel Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler. Etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşikde 5-nji çagalar bagynyň folklor topary ýeňiji boldy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý edeliň!

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 17-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý edeliň!” ady bilen geçen duşuşykda ynsan ömrüne we saglygyna howp salyp biljek ýol-ulag hadysalarynyň döremezligi, ýol-ulag hadysalaryndan bolýan heläkçilikleriň öňüni almak, ýolda ýöräniňde seresap bolmak barada giňişleýin gürrüň edildi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanan duşuşykda okuwçy ýaşlara ýol hereketiniň düzgün-kadalaryna eýermek boýunça gymmatly maslahatlar berildi. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryna rowaçlyklary arzuw etdiler.

Syrly dünýä

Türkmen zenanlarynyň syrly dünýäsiniň açaryny el halysyndan gözleseň bolar. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň başarnygy bilen dörän türkmen halylarynda okalmadyk syrlar kän. Gahryman Arkadagymyz: «Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna «Syrlardan dokalan gözellik» diýip at beripdirler» diýýär. Milli Liderimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly ajaýyp eserlerini okanyňda, gadymy oguz zenanlarynyň haly nagyşlarynyň arasynda gizlän syrlarynyň üstünden barýarsyň. Halynyň syrly nagyşlarynda ene-mamalarymyzyň köňül arzuwlary bilen birlikde, Oguz han atamyzyň tagmalaryny, nyşanlaryny, aw guşlarynyň şekilini görmek bolýar. Asyrlar aşan gadymy nusgalar biziň günlerimize çenli gelip ýetip, Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki bäş sany haly gölüniň nagyşlarynda hem Oguz han atamyzyň öz milletine sargyt eden nyşanlarynyň birnäçesi bar. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatda guralan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisinde ýüpek halylaryň bölümindäki Pazyryk halysy hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Tapylanyna iki asyr geçen Pazyryk halysy dünýäde iň gadymy haly nusgalarynyň biri. Onuň asyl nusgasy Altaý daglarynyň baýyrlaryndan tapy

Ýol asuda — il abadan

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri», «Ýolyşyk — biziň dostumyz!», «Ýaşyl yşyk» ýaly bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Biraýlygyň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, ýolyşygyň düzgünleridir ähmiýetini açyp görkezýän dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe esasy ugry özüne birikdirýär. Ýerüsti ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça we ýol hojalygynda işi düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri babatda bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek hem-de tassyklamak, bu babatdaky çäreleri maddy-tehniki, maliýe taýdan üpjün etmek, ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, raýatlara ýol hereketiniň kadalaryny hem-de talaplaryny öwr

Dünýä türkmenleriniň döwletli maslahaty

Diýarymyzyň ösüşlerine guwanýarys

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy il agzybirliginde uludan bellenip geçilýär. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgärleri etrabyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda guraýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda, dabaraly maslahatlarda, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde we beýleki baý many-mazmunly çärelerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýeti, Watanymyzda amala aşyrylan taryhy işler barada giňişleýin söhbet açýarlar. Watanymyzyň baş toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzy gurşap alan dabaralar, öňdäki taryhy wakalar dogrusyndaky gürrüňler ildeşlerimizde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky nebit-gaz, energetika, ulag-logistika we aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasy taryhy ähmiýetli şöhratly wakalaryň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Şanly toýumyzyň öňüsyrasyndaky bu wakalaryň bütin dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döredendigi şübhesizdir. Ýene-de sanlyja günden merjen şäherimiz Aşgabatda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda äh