«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy il agzybirliginde uludan bellenip geçilýär. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgärleri etrabyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda guraýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda, dabaraly maslahatlarda, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde we beýleki baý many-mazmunly çärelerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýeti, Watanymyzda amala aşyrylan taryhy işler barada giňişleýin söhbet açýarlar. Watanymyzyň baş toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzy gurşap alan dabaralar, öňdäki taryhy wakalar dogrusyndaky gürrüňler ildeşlerimizde uly gyzyklanma döredýär.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky nebit-gaz, energetika, ulag-logistika we aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasy taryhy ähmiýetli şöhratly wakalaryň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Şanly toýumyzyň öňüsyrasyndaky bu wakalaryň bütin dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döredendigi şübhesizdir. Ýene-de sanlyja günden merjen şäherimiz Aşgabatda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ähmiýetli wakalaryň birine öwrüler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgärleri şeýle taryhy wakalaryň ähmiýetini ildeşlerimize düşündirmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri wagyz etmekde işjeňlik görkezýärler.