Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk sürüjileriň hem-de pyýadalaryň abadançylygynyň, ýollaryň abatlygynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýyllary içinde köçedir ýollarda howpsuz hereket höküm sürer ýaly, Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki ýollarda abadanlaşdyryş işleri geçirildi, täze, giň ýollaryň, pyýadalaryň rahat hereket etmegi üçin ýanýodalaryň gurluşyklary depginli alnyp baryldy. Ýollarda ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň kadaly, sazlaşykly bolmagy üçin awtomobil ýollarynda degişli belgileriň goýulmagy, olaryň ýeterlik derejede yşyklandyrylmagy, wideo gözegçilik enjamlarynyň oturdylmagy, pyýadalara niýetlenen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurulmagy ýol hereketiniň howpsuz bolmagy üçin esasy şertlerdir.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň meýilnamasyna laýyklykda, okuwçylaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri-de özüniň oňyn netijesini berýär. Olarda ýurdumyzyň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýol-hereketiniň howpsuzlygy, düzgünleri, ýolda özüňi alyp barmagyň kadalary barada degerli maslahatlar berilýär. Ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň hem-de kiçi ýaşly çagalaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmeklerini wagyz-nesihat etmekde bilim işgärleriniň alyp barýan wagyz-nesihat çäreleri uly ähmiýete eýedir. Ýola çykylansoň, şahsy jogapkärçiligi duýup, özüňe-de, beýleki ýolagçylara-da zyýan bolmaz ýaly, dogry hereket etmelidigi ündelýär. Ýolyşyklaryň ähmiýeti, ýoly kesip geçmekde ýörite ýerasty we ýerüsti geçelgeleri ulanmalydyklary düşündirilýär. Okuwçy ýaşlara we çagalara ýollaryň ýakasynda oýnamaly däldikleri, ýola ylgap çykmagyň, ýolda bir-birek bilen welosipedli ýaryşlary gurap, awtoulag sürýän sürüjilere päsgelçilikli hereketiň emele gelmegine sebäp döretmegiň gadagandygy ündelýär. Şeýle-de olara ýol howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär. Öýde ata-eneleriň, mekdepde mugallymlaryň çagalara ýollarda seresap bolmalydygy barada ýatladyp durmagy ýaşlara oňat täsir edýär, çünki ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak biziň özümize baglydyr.