HABARLAR

Baş baýramyň şanyna

Geçen şenbe güni Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarany Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Şanly baýramçylygymyza bagyşlanyp geçirilen dabarada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet we sungat işgärlerine işlemäge, döretmäge, milli medeniýetimizi has-da ösdürmäge döredip beren giň mümkinçiliklerine sagbolsun aýtdylar.

Buýsanjymyz, bagtymyz

Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Golaýlap gelýän baş baýramymyza bagyşlanan bu dabarany Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilelikde guradylar. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşleri sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem baş baýramymyza görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda bu ýerde işleýän hünärmenleriň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda watandaşlarymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna täze-täze zähmet üstünlikleri bilen barýandygy aýdyldy. Döredijilik duşuşygynda mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi hakda täsirli gürrüňler edildi.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şunda halkara, sebit derejesindäki netijeli gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Parahatçylyk, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-sinde Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Doganlyk ýurduň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä bileleşigi bilen ýola goýýan netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şeýle görnüşdäki ilkinji duşuşyk geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirildi.

Halkyň beýik ynamy Siz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Şu günler taryhy döwrüň beýik özgertmelerinden galkynýan merdana halkymyz ajaýyp güýzde goşadan gelýän toý-baýramlarymyzyň belent ruhunda batly gadamlar bilen öňe barýar. Döwlet durmuşynda, halkyň döwrebap ýaşaýşynda bolup geçýän täzelenişleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen berk baglanyşýar. Çünki ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäni belent maksadyna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir asylly başlangyjy il-ýurduň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, parahatçylyk hem dostluk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirmek ýaly belent tutumlar hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň mazmunynda jemlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir pursady täze taryhymyza zer ýazgylary bolup girýän ajaýyp wakalara beslenýär. Daş-töweregimizde bolup geçýän belent tutumdan gözbaş alan özgertmeler diňe bir ýurdumyzy ajaýyp ülkä öwürmän, eýsem, halkymyzyň ösen durmuş derejesini kemala getirýär. «Berkarar döwletiň täz

Baş baýrama toý sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze desgalaryňdyr binalaryň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde ýerleşýän etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy hem halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy. Hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi baradaky aladalarynyň netijesinde gurlan döwrebap bina tutumly toýlaryň dabarasyny arşa göterdi.

Bir saçaga jem bolandyr doganlar

Dünýädäki mukaddeslikleriň içinde Watan mukaddesligi iň belentde goýulýar. Ata Watan, il-ýurt hakyndaky kämil düşünjelerdir pikirler kalplarda müdimilik ýaşaýar. Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri Watan mukaddesligi hakyndaky düşünjä has-da aýratyn uly ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Türkmenler baglasak bir ýere bili,Gurudars Gulzumy, derýaýy Nili —

Baýramçylyga bagyşlanan maslahat

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr dabaralar welaýatymyzda giň gerime eýe bolýar. Welaýat Stomatologiýa merkezinde geçirilen maslahat hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senä bagyşlandy. Welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk — halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň binýady» ady bilen geçirilen maslahata saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Zenanlar guramasynda

Hünärli nesil — röwşen geljek Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Asuda ýollar —abadan iller Dowam edýän biraýlyga bagyşlap welaýat Salgyt bölüminiň mejlisler zalynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada «Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.