Her birimiziň borjumyz
Ilimiziň arasynda: «Her adamyň saglygy öz elinde» diýlen gürrüň ýörgünli. Hakykatdan-da, saglygy barada her kimiň özi alada etmeli. Ýöne tehnikalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşýan şertlerinde bu meseläniň çygry has giňelýär. Ine, ýol hereketini alyp göreliň! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Elleri uzadan ýerlerine ýetýän adamlar awtoulaglary köpçülikleýin edinýärler. Bu bolsa ýollarymyzda hereketiň ýygjam bolmagyna getirýär. Şonda ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi-de artýar. Şeýle şertlerde ynsan ömrüniň rahatlygyny gazanmak tutuş jemgyýetiň meselesine öwrülýär. Ýollarda degişli kadalary berk berjaý etmek, birek-birege mylakatly bolmak arkaly oňyn netijeleri gazanyp bileris.