Ata-eneleriň dykgatyna!

18 Sentýabr 2024
273

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, mekdep okuwçysynyň ata-enesini, onuň beýleki kanuny wekillerini ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlaryny, çagalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ömrüne we saglygyna zyýan ýetmegi bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy.