HABARLAR

Pyýadalara maslahat

Döwletimiz tarapyndan köçeýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geçirilýän bir aýlyk çäreler ilatymyzyň rahat, asuda ýaşamagy, saglygyny goramagy üçin ähmiýetlidir. Ýörite düzülen meýilnamalar esasynda biz lukmanlar hem çagalar baglarynda, mekdeplerde, kärhanalarda bolup, ýol hereketiniň kadalaryny düşündirýäris, söhbetdeşlikler geçirýäris. Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmek diňe sürüjä degişli däldir. Pyýada ýolagçylar hem köçede örän ünsli bolmaly.

Ýaş gözegçiler bäsleşdiler

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan gözbaş alyp, indi asylly däbe öwrülen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň süňňündäki çäreler toplumy hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň adam hakyndaky aladalarynyň aýdyň netijeleriniň biridir. Milli Liderimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bu ulgamyň iň iri düzüm bölegi bolup durýar. Bu gullugyň işiniň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigi aýratyn bellenilmelidir. Onuň dowamynda ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň miwesidir» diýip, örän dogry belleýär.

Maliýe hukugy

Barha ösýän döwrümizde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmegi, halk hojalygynyň pudaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maliýe babatda-da işjeňligi artdyrýar. Munuň özi halkyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyny hem zerurlyk hökmünde orta çykarýar. Şu nukdaýnazardan maliýe hukugy barada gysgaça düşünje bermegi makul bildik. Maliýe hukugy — bu döwlet maliýesiniň emele gelmegi, bölünişi we ulanylyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň jemidir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli taraplaryna, salgyt tölemekden başlap, döwlet hyzmatlaryny almak ýaly meselelere täsir edýär.  Maliýe hukugy döwlet edaralary, banklar we beýleki maliýe guramalary bilen aragatnaşykda öz hukuklaryny goramaga mümkinçilik berýär. 

Ot hakynda

Häzirki döwürde ylmyň ösmegi bilen, döwrebap tilsimat usullary arkaly önümçiliklerde, gurluşyklarda, durmuşymyzda täze önümleriň, serişdeleriň öndürilmegi barha artdyrylýar. Önümçilikde tebigydyr emeli gazlar, nebitdir nebit önümleri giňden ulanylýar.  Durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleriniň düzüminde şeýle ýangyn howply  kömürturşy gazynyň bardygyny diňe çagalar däl, eýsem, ulular hem känbir göz öňüne getirip bilmeýärler. «Ot astynda bela galmaz» diýen atalar sözüniň çuň manysy bar. Çünki irki döwürlerde dürli ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almakda, ylmyň häzirki ösen döwründäki ýaly dürli-dürli zyýansyzlandyryjy serişdeleriň deregine, otdan we üzärlik tüssesinden giňden peýdalanypdyrlar. Hatda halk lukmançylygynda-da otdan peýdalanylyp, käbir keselleriň bejerilendigini mälim edýän taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. Türkmenler adamyň düýşünde ot görmegini hem «Ot — oraz» diýip, gowulyga ýorupdyrlar. Bu atalar sözündäki «oraz» sözi «bagt» diýen manyny aňladypdyr. Ata-babalarymyz göze görner-görünmez belalaryň içinde aýratyn gorkulysy ot belasy, suw belasy, töhmet belasy diýip hasap edipdirler. Ot belasy haýwany-ynsany, ýagşyny-ýamany seljermän, küle

Garaşsyzlykdan galkynan Watan

Şeýle şygar bilen Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen bu çärä orta mekdepleriň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksadyna gönükdirilen bu çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Şöhrat Söýungylyjow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Abdymyrat Ahmedow, 51-nji orta mekdebiň mugallymy Dünýä Gaýypgulyýewa, 57-nji orta mekdebiň mugallymy Annabeg Aýmakowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda tagalla edýän abraýly guramadygy, guramanyň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän köpsanly çärelere işjeň gatnaşýandygy, Watanymyzda ýaýbaňlaşdyrylan giň gerimli özgertmeleriň şaýady bolýandyklary barada aýratyn belläp geçdi

Dabara geçirildi

Golaýda maýor Şöhrat Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gorag polklarynyň döredilen güni mynasybetli dabara geçirildi. Ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy we Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga berlen dabara şahsy düzümiň nyzamly ýörişi bilen dowam etdi. Soňra baýramçylyk mynasybetli harby gullukda tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň çäginde guralan sergi has-da täsirli boldy. Köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri we gyzgalaňly sport ýaryşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Harby bölümiň orkestriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler, ata Watanyň mukaddesligi, harby gullukçylaryň mertligi we edermenligi wasp edildi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»

Wagyz – nesihat çäreleri geçirilýär Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»psuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini, ýol hereketiniň kadalaryny dürs berjaý etmegiň ömrümiziň rahatlygyny, ýollarymyzyň abadanlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigi hakyndaky söhbet wagyz-nesihat çäresiniň esasy mowzugyna öwrüldi.

Kanunçylyk namalary düşündirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Milli parlamentimiz tarapyndan ýylyň dowamynda kabul edilen kanunçylyk namalary bolsa ýerlerde giňişleýin düşündirilýär. Şu maksat bilen geçirilýän duşuşyklara etrap prokuraturasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olarda raýatlarymyzyň kanuny bähbitleri, hak-hukuklary babatyndaky sowallaryna doly düşündiriş berilýär. Etrap prokuraturasy tarapyndan şeýle işleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bosagada duran mejlisinden soň has giň gerimde ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Çünki taryhy mejlisde kabul ediljek çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek we wagyz etmek gönüden-göni borjumyzdyr. Biz mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen eziz Watanymyzyň asudalygyny goramak üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris.

Netijeli duşuşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan şu mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde, köçeleriň we ýollaryň degişli düzgünleri, ýörite geçelgeleriň ulanylmagy ýaly möhüm meseleler gozgalýar. Ýaş nesle ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy barada maglumat berilýär we ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjeleri artdyrmak üçin amaly okuwlar geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimde geçýär.

Möhüm meselä bagyşlanan maslahat

Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtany abat saklamak möhüm meseleleriň biridir. Bu işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Müdirligimiziň ýangyn howpsuzlygy bölüminde guralan maslahat bu meselä bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan we guramaçylykly dowam edýän pagta ýygymynda, hasyly daşamakda, saklamakda hem-de gaýtadan işlemekde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Munuň özi işiň her bir pursadynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap edýär. Maslahatda bölümimiziň hünärmenleri çykyş edip, gymmatly çig maly ýangyndan ygtybarly goramagyň ýollary, berjaý edilmeli kadalar barada giňden durup geçdiler. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri, öz gezeginde, önümçilik bölümlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar soňra bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine gezelenç etdiler.